Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda «Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady» atly hepdelik geçiriler. Wise-premýer B.Seýidowanyň 17-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren hasabatynda aýdyşy ýaly, bu ähmiýetli çärä taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Şu ýylyň dekabrynda geçiriljek hepdeligiň çäklerinde teatrlarda daşary ýurtly nusgawy awtorlaryň eserleri esasynda ozal sahnalaşdyrylan sahna eserleri bilen bir hatarda, täze sahna oýunlarynyň birnäçesiniň ilkinji görkezilişini halkymyza hödürlemek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň teatrlarynda «Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady» atly hepdeligi ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

