Ýurdumyzyň telekeçileri Şanhaýda geçiriljek Türkmen-Hytaý işewürlik forumyna çagyrylýar

MilliInfo
Ýurdumyzyň telekeçileri Şanhaýda  geçiriljek Türkmen-Hytaý işewürlik forumyna çagyrylýar

Şu ýylyň 6-7-nji noýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde guraljak 9-njy Hytaý Halkara import sergisiniň («CIIE») çäklerinde Türkmen-Hytaý işewürlik forumy geçiriler. Bu möhüm işewürlik çäresi iki ýurduň döwlet edaralarynyň we hususy işewürlik düzümleriniň wekillerini bir ýere jemlär.

Forumyň gün tertibine ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, senagat kooperasiýasyny we oba hojalygy pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we sanlylaşdyrmak, üstaşyr-logistika mümkinçiliklerini pugtalandyrmak, şeýle hem ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek ýaly ugurlara bagyşlanan mejlisler girýär. Şeýle hem forumyň çäklerinde Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň edaralaryna we önümçilik desgalaryna baryp görmek üçin mümkinçilik dörediler. Türkmen-Hytaý işewürlik forumy iki ýurduň wekilleriniň arasynda täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, geljegi uly hyzmatdaşlyk ugurlaryny tanyşdyrmak hem-de bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança öwrüler.

Işewürlik forumynyň maksatnamasynyň çäklerinde gatnaşyjylar işewürlik duşuşyklarynyň we gepleşikleriň üç görnüşine gatnaşyp bilerler:

  • G2G — döwlet edaralarynyň arasynda;

  • B2G — işewürler bilen döwlet edaralarynyň arasynda;

  • B2B — kompaniýalaryň we telekeçileriň arasyndaky göni işewürlik duşuşyklary.

Türkmenistan — Hytaý: işewürlik üçin täze mümkinçilikler, täze hyzmatdaşlar we bilelikdäki täze taslamalar!

Foruma gatnaşmak bilen bagly sowallar boýunça degişli aragatnaşyk ulgamlary:

Telefon: +993 12 75-36-44 / 48, +993 64 04-27-51

E-mail: ogulbagt.hydyrova@tmt.tm

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info