Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Astana ugradylar: Maksat — abraýly ýaryşyň ABŞ-da geçiriljek finalyna çykmak

Довран Каюпкулиев
Döwrangeldi Gaýypgulyýew
Surat: Okuwçylarymyz Aşgabat halkara howa menzilinde

Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylarynyň onusyny özünde jemleýän türkmen topary Gazagystanyň Astana şäherine ugrady. Zehinli ýetginjeklerimiz 10 — 13-nji fewral aralygynda şol şäherde geçiriljek FTC (FIRST Tech Challenge) çempionatynyň sebitleýin tapgyryna toparlaýyn esasda gatnaşarlar.

«FIRST Tech Challenge» — ABŞ-nyň «First Globa» guramasy tarapyndan geçirilýän dünýäniň iň uly robot tehnikasy boýunça bäsleşikleriniň biridir. Oňa her ýyl 100-den gowrak döwletden 70 müňden gowrak okuwçy gatnaşýar. Bu ýerde okuwçylar öz ýasan awtonom robotlary bilen çylşyrymly ýumuşlary ýerine ýetirýärler.

Gazagystanyň paýtagtynda geçiriljek bäsleşige sebit boýunça 400-den gowrak topardan saýlanan iň güýçli toparlaryň 60-sy gatnaşar. Ýaş robot tehnikaçylarymyzyň esasy maksady bu ýaryşda ilkinji üçlüge girip, ABŞ-nyň Hýuston şäherinde geçiriljek dünýä derejesindäki finala gatnaşmaga hukuk gazanmakdyr.

Ýaryşyň Astanada geçjek sebitleýin tapgyryna gatnaşjak okuwçylarymyz:

«Oguzrobot» topary:

  • Aýnagözel Keýmirowa (Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçysy)

  • Oraznyýaz Rejepow (Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçysy)

  • Nepesaly Täçmyradow (Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçysy)

  • Nuraly Kerimow (Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçysy)

  • Nazar Jumamyradow (Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň okuwçysy)

«Erjeller» topary:

  • Dürdäne Kurbanowa (Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçysy)

  • Arslan Babajyýew (Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçysy)

  • Orazmuhammet Merdanow (Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň okuwçysy)

  • Meýlis Baýryýew (Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň okuwçysy)

  • Pirnazar Ataýew (Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçysy)

Ýaş inženerlerimiz bu halkara ýaryşa paýtagtymyzdaky «Kämil bilim» okuw merkezinde ýokary derejede taýýarlyk gördüler.

Ýatlap geçsek, mekdep okuwçylarymyz Astanada geçirilýän bu halkara bäsleşige geçen ýylda ilkinji gezek gatnaşyp, «Halkara üstünlik» baýragyna mynasyp bolmagy başarypdylar. Bu ýyl ýurdumyzdan iki toparyň gatnaşmagy ýaşlarymyzyň tehnologiýa bolan gyzyklanmasynyň ýylsaýyn artýandygynyň subutnamasydyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info