Ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi bir aýlyk dynç alyşa çykýar

MilliInfo

1 Awgust, 2025

Şu günden — 1-nji awgustdan ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi dynç alyşa çykýar.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 11-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz 1-nji awgustdan başlap, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara dynç almaga rugsat berýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz olaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp biljekdigini belledi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info