Fransuz žurnalisti Fransua Gallardo sosial ulgamlar arkaly geljek tomusdan başlap Ýurgen Klopyň Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine geçjekdigini mälim etdi.
Habar berlişi ýaly, bu karar eýýäm dekabr aýynda kabul edilipdir we taraplaryň arasynda şertnama gol çekilipdir. Şunda toparyň häzirki tälimçisi Arbeloanyň haýsydyr bir kubok gazanmagynyň ýa-da gazanmazlygynyň hiç hili ähmiýeti ýokdur.
Ozal metbugatda Madridiň klubynyň nemes hünärmenine bolan gyzyklanmasy barada maglumatlar peýda bolupdy. Şeýle hem Klopyň geljekki ykbaly Madridiň «Atletikosy» bilen hem baglanyşdyrylýardy.
Nemes hünärmeni «Liwerpuldan» gidensoň tälimçilik işine arakesme berdi. Ýurgen Klop «Liwerpulyň» düzüminde dokuz ýyl (2015-nji ýylyň oktýabryndan 2024-nji ýylyň ýanwaryna çenli) işledi. Şol döwrüň dowamynda «Liwerpul» üç gezek: 2018, 2019 we 2022-nji ýyllarda UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy. 2018/2019 futbol möwsüminde Klopyň topary Premýer-ligada 97 utuk toplap, ikinji orny eýeledi — bu Angliýanyň ýokary diwizionynyň taryhynda iň ýokary üçünji görkezijidir, şeýle hem şol wagt çempionlyk derejesini alyp bilmedik toparlar üçin taryhdaky iň uly netije bolupdy.