Düýn döwrümiziň iň döwrebap şäheri bolan Arkadag şäherinde Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli häzirki zaman amatlyklaryny özünde jemleýän ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi dörän «akylly» şäheriň ýaşaýyş jaýlaryndan täze öý edinen bagtyýar ýaşaýjylar üçin baş baýramymyzyň öňüsyrasynda ajaýyp toý sowgady boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Köp gatly ýaşaýyş jaýynyň öňündäki dürli şarlar, köpöwüşginli, owadan bezegler bilen bezelen meýdança Arkadag şäheriniň we onuň edaralarynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary, myhmanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ýygnandylar.
Täze jaýlardan öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy dabaranyň esasy pursadyna öwrüldi. Soňra dabara gatnaşyjylar ýaşaýyş jaýlarynda döredilen amatly şertler bilen tanyşdylar. Jaýlaryň gurluşygynda we enjamlaşdyrylyşynda, bezeg işlerinde iň häzirki zaman çözgütleri ulanyldy. Otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan we türkmen halkynyň milli ýörelgelerine kybap gelýän derejede enjamlaşdyrylan aşhanalaryň, çagalara niýetlenilen we beýleki otaglaryň mümkinçilikleri häzirki döwrüň talaplaryna doly gabat gelýär. Ýaşaýyş jaýlary özbaşdak ýyladyş we sowadyş ulgamy bilen üpjün edildi. Onuň otaglary häzirki zaman durmuş ulgamlary hem-de zerur serişdeler bilen üpjün edildi. IP telewideniýe, internet we telefon ulgamyna birikdirildi. Öýleriň giň eýwany, uly myhman otagy, ýatylýan otaglar göwnejaý enjamlaşdyryldy. Aşhanada durmuş tehnikasy, ykjam mebeller oturdyldy.
