Ýurt garşy alsyn! Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlary we döwrebap kottejler ulanmaga berildi

MilliInfo

17 Sentýabr, 2025

Düýn — 16-njy sentýabrda Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň we döwrebap kottejleriň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar guraldy. Oňa Arkadag şäheriniň häkimliginiň, edara düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, täze jaýlara göçüp gelen maşgalalar, olaryň dogan-garyndaşlary, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.

Şäheriň «akylly» ulgam arkaly dolandyrylýan 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlarydyr 2 gatly kottejler toplumlary onuň döwrebap keşbini üpjün edýär. Ähli amatlyklary özünde jemleýän, sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri ornaşdyrylan jaýlaryň giň, ýagty we ähli amatlyklary üpjün edilen öýlerine göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny guwanç bilen nygtadylar. Maşgala agzalary täze öýleriň açarlaryny ýüzlerine sylyp, aýratyn şatlyk duýgusy bilen kabul etdiler.

Dabaranyň dowamynda şaýat bolnan wakalar oňa gatnaşyjylar üçin aýratyn begençli pursatlara beslendi. Täze jaýa göçüp gelen Nurgeldiýewleriň maşgalasynda dünýä inen ogul bäbejigiň bäbekhanadan çykarylyp getirilmegi döwrebap ýaşaýyş jaýyndan öýli bolan maşgala üçin goşa toýa öwrüldi. Kottej jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabarasy bolsa Ýazlyýewleriň maşgalasynda tutulan gelin toýy bilen utgaşdy. Uzyn hatarly gelnalyjy kerweniniň gelmegi döwletli Diýarymyzda türkmen halkynyň toý tutmak bilen bagly däpleriniň has döwrebap öwüşgine eýe bolýandygyny aýdyň görkezdi.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo