Täze futbol möwsüminiň başlanmagynyň öňüsyrasynda Kriştianu Ronaldunyň öz dogduk watany Portugaliýanyň paýtagty Lissabonyň köçelerinde «Bugatti» awtomobilinde görlendigi habar berildi. Lissabonyň ýaşaýjylarynyň internet platformalaryna ýüklän şekilleri sosial torlarda köp paýlaşyldy. Daşky gabarasynyň özboluşlylygy bilen hemmeleriň ünsüni özüne çeken bu awtoulagyň bahasy 2,2 million dollardan geçýär.
Kriştianu Ronaldu diňe futbolda däl, eýsem, moda, biznes we durmuşyň beýleki ugurlarynda hem döwrüniň iň täsirli şahsyýetleriniň biri bolmagynda galýar. Täze awtomobili hem ýyldyzyň ýokary derejeli durmuşyny we şöhratyny görkezýär.
Ýyldyz oýunçy golaýda geçen möwsümiň ýadawlygyny çykarmak üçin Malorka adasynda maşgalasy bilen dynç alyşda boldy. Bu onuň sosial sahypasynda paýlaşan suratlarynda aýdyň beýanyny tapýar.
