Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Täze ýylyň öňüsyrasyndaky däp bolan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň biri hasaplanýan «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guran şu gezekki bäsleşigine ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden tomaşaçylar köpçüliginiň öňünde öz ussatlygyny görkezmek isleýän 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaş estrada aýdymçylary çykyş etdiler. Welaýat we şäher derejesinde birnäçe saýlama tapgyrlarda geçirilen döredijilik bäsleşigine ýaş zehinleriň köpüsiniň gatnaşandygyny bellemek gerek. Deslapky tapgyrda teletomaşaçylaryň we radiodiňleýjileriň köp sanlysy iň zehinli aýdymçylara ses berdiler.
Ine, bu gün bolsa bäsleşigiň jemleýji tapgyryna badalga berildi. Onuň netijeleri, esasan, tomaşaçylaryň berýän seslerine gönüden-göni baglydyr. Bäsleşigiň ýeňijisini kesgitlemäge aýdym-saz sungatynyň ussatlary gatnaşdyryldy.
Eminler hökmünde teletomaşaçylardyr radiodiňleýjiler çykyş etdiler. Olar ýaş ýerine ýetirijileriň zehinine, ussatlygyna baha berip, tapawutlanan aýdymçy üçin SMS ibermek we jaň etmek arkaly ses berdiler. Giň halk köpçüliginiň bu çärä gyzyklanmasy hem-de görkezen işjeňligi onuň jemleýji tapgyryna aýdym-saz sungatynyň iň ökde wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etdi. Olardan iň tapawutlanan 10 aýdymçy jemleýji tapgyra gatnaşmaga saýlanyp alyndy. Emin agzalarynyň düzümindäki türkmen aýdym-saz sungatynyň meşhur sahna ussatlary, geçen ýyllardaky bäsleşikleriň ýeňijileri, medeniýet işgärleri, kompozitorlar, şahyrlar aýdymçylaryň çykyşlaryna baha bermek, bar bolan seslere öz sesini goşmak üçin ýygnandylar.
«Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň şertlerine görä, oňa gatnaşyjylaryň hersi iki aýdym ýerine ýetirdiler. Olaryň biri sazsyz bolup, onda aýdymçylaryň sesiniň arassalygyna, owazyna üns berildi. Munuň özi olaryň şahsy artistlik ukybyny, tomaşaçylaryň göwnünden turmak başarnygyny ýüze çykarmaga ýardam berýär. Şunda aýdym-saz muşdaklarynyň el çarpyşmalary we diňleýjileriň hoşniýetli goldawlary sazyň ornuny tutdy. Şeýle-de bäsleşigiň dowamynda dürli žanrdaky häzirki zaman estrada we halk aýdymlary, söýgi, watançylyk aýdymlary ýaňlandy.
Tomaşaçylaryň SMS arkaly iberen sesleri sanalandan soňra, alypbaryjylar bäsleşigiň jemlerini yglan etdiler we baýrak gowşurmak dabarasy boldy. Şunlukda, 2025-nji ýylda «Ýylyň parlak ýyldyzy» döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi Göwher Hojimyradowa boldy we oňa göçme kubok hem-de gymmat bahaly sowgat gowşuryldy. Baş baýrakdan başga-da, bäsleşikde birinji, ikinji we üçünji orunlar göz öňünde tutuldy. Baýrakly orunlary eýelänleriň ählisine degişli diplomlar, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşan ýaş estrada we höwesjeň aýdymçylar «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglanyldy.

Milli aýdym-saz sungatynyň ussatlarynyň, halypalaryň ýaşlara döredijilikde täze üstünlikleri gazanmaklary barada aýdan arzuwlary ýaş aýdymçylary belent sepgitlere ruhlandyrdy. Bäsleşigiň ýeňijileri döwlet Baştutanymyzyň üns-aladalaryna jogap hökmünde milli medeniýetimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly işlere öz goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.