«Ýylyň söweşi» ýakynlaýar: Islam Mahaçew ýeňilmezek Jek Della Maddalenanyň garşysyna çykýar

MilliInfo

12 Noýabr, 2025

16-njy noýabrda ir bilen meşhur rus söweşijisi Islam Mahaçew nobatdaky duşuşygyny geçirer. Ol Nýu-Ýorkuň «Medison Skwer Garden» arenasynda geçiriljek «UFC 322» ýaryş agşamynyň çäginde guramadaky ikinji guşagy ugrunda oktagona çykar. Ýeri gelende bellesek, Mahaçewa çenli ýarym orta agramda rus türgenleriniň hiç biriniň promouşeniň iki çempionlyk derejesine eýelik etmegi başarmandy.

Islamyň «UFC 322» ýaryşyndaky garşydaşy ýarym ýeňil agramyň diwizionynda (ýarym orta diwizionda) täze çempion, awstraliýaly söweşiji — Jek Della Maddalena.

Awstraliýaly söweşijiniň bassyr 18 ýeňşe uzaýan üstünlikli ýoly bar. Şol ýeňişleriň 8-si «UFC-de» gazanyldy. Jek aýak üstünde söweşmekde örän howply türgen bolup, çempionlyk derejesini Mahaçewa bermek islemeýär. Şonuň üçin hem, bu söweşe uly ähmiýet berilýär we onuň «Ýylyň söweşi» bolmagyna garaşylýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo