«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi yglan edildi

MilliInfo

4 sagat öň

26-njy oktýabrda ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde geçirildi. Bu ýerde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi.

Toplumyň açyk manežine barýan ýoluň ugrunda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden milli amaly-haşam, şekillendiriş sungaty eserleriniň, fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, neşir, haly, heýkeltaraşlyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergide türkmen halkynyň baý medeni mirasy we döredijilik mümkinçilikleri görkezildi. Hususan-da, şekillendiriş sungaty eserlerinde türkmen alabaýynyň keşbine aýratyn orun berlipdir.

Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Bäsleşigiň geçirilýän meýdançasyna bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanyp alnan, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden iň gowy alabaýlaryň 10-sy çykaryldy. Emin agzalaryna we tomaşaçylara alabaýlaryň atlary, olaryň ýaşy, nesil ugry, eýesi baradaky maglumatlar mälim edilýär.

Soňra bäsleşige gatnaşdyrylýan alabaýlaryň görkezme çykyşlaryna orun berildi. Olar eýeleriniň öwreden endiklerini tomaşaçylara görkezdiler. Alabaýlaryň köp sanly janköýerleri olaryň ajaýyp daşky keşbi bilen birlikde, başarjaňlygyna hem baha berdiler. Olaryň öňünde anyk wezipeler, şol sanda päsgelçilikli zolaklary ýeňip geçmek wezipeleri goýuldy. Päsgelçiliklerden geçilende, tizlik we dürslük görkezijileri hasaba alynýar. Bu çekeleşikli görnüşler baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy.

Bäsleşigiň netijelerini jemlemek hem-de eminler toparynyň çözgüdini yglan etmek pursady gelip ýetdi. Eminler toparynyň başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany S.Babaýewe söz berilýär. Şunlukda, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli bolan Wepaly atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Ony ösdürip ýetişdiren hem-de bu bäsleşige taýýarlan Türkmenistanyň at gazanan itşynasy O.Saparow. Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — «Toyota Camry V6» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy hem-de ol ýörite medal, göçme kubok, diplom bilen sylaglanyldy.

Soňra türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Şunlukda:

  • türkmen alabaýynyň daşky keşbi şekillendirilen «Watana gorag, ynsana dost sen, edermen türkmen alabaýy!» atly haly eseri üçin «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy A.Orazgulyýewa;

  • «Wepaly dost» atly nakgaş eseri üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Y.Allanazarowa;

  •  «Türkmen alabaýy» atly heýkel eseri üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby E.Gullyýewe;

  • «Senenama — 2025» atly neşir işi üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Ç.Kemenowa;

  • «Alabaýyň gaýduwsyzlygy» atly wideoşekil üçin Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň bölüm müdiri M.Çaryýewe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan şahadatnamalar we sowgatlar gowşuryldy.


Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo