«Ýylyň zenany»: Ogulbeg Berdimyradowa — Aşgabat boýunça «Ýylyň telekeçi zenany» diýen adyň hem-de birinji ornuň eýesi

MilliInfo

Düýn — 27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň Aşgabat şäheri boýunça tapgyry geçirildi. Deslapky tapgyra paýtagtymyzdan bolan gelin-gyzlaryň birnäçesi gatnaşyp, olar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

«Berkarar» söwda we dynç alyş merkeziniň toý zalynda geçirilen ajaýyp bäsleşik täsirli pursatlara baý boldy. Bu ýerde gelin-gyzlar halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen edim-gylymlarymyzy täsirli şöhlelendirmegiň hötdesinden geldiler. Dürli ugurlar boýunça geçen bäsleşikde telekeçi zenanlaryň hem mümkinçiliklerini görkezmegi başarandyklaryny bellemek gerek. Bu hakykat telekeçi Ogulbeg Berdimyradowanyň «Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyrynda «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugur boýunça çykyş edip, «Ýylyň telekeçi zenany» diýen ada hem-de birinji orna mynasyp bolmagynda hem aýdyň beýanyny tapýar. Ýeri gelende bellesek, telekeçi gyzyň paýtagtymyzdaky «Bagtyýarlyk» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän «Ajap» haly dükanynda hödürleýän ajaýyp haly önümleri halkymyzyň gadymy sungatynyň ähmiýetini dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Biz telekeçilik işini milli gymmatlygymyz bolan halyçylyk sungaty bilen utgaşdyran zenany bu üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info