«Geely» 3 million awtoulag satdy — bu «Audi» bilen «BMW-niň» bilelikdäki görkezijisinden hem köpdür

MilliInfo

16 Oktýabr, 2026

«Geely» 3 million awtoulag satdy — bu «Audi» bilen «BMW-niň» bilelikdäki görkezijisinden hem köpdür

«Geely Holding Group» 2026-njy ýylyň 9 aýynyň dowamynda 3,002 million awtoulag satyp, täze rekord goýdy. Şol sanyň 1,793 milliony energiýanyň täze çeşmeleri bilen işleýän awtoulaglaryň (elektromobilleriň we gibridleriň) paýyna düşdi — bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,6% köpdür. Toparyň umumy satuwynda şeýle awtoulaglaryň paýy 59,7%-e ýetdi. Iň meşhur modelleriň arasynda «Geely Monjaro», «Geely Atlas» we «Geely Preface» bar.

«Geely Automobile Holdings Limited» kompaniýasynyň paýyna 2,235 million awtoulag düşdi, şolaryň 1,326 milliony elektriklendirilen modellerdir. Olaryň satuwy ýyllyk hasapda 14% ösdi. Aýratyn hem, eksport görnetin artdy: daşary ýurtlara 797 670 awtoulag iberildi, bu bolsa bir ýyl öňküsinden 169% köpdür. Olaryň 484 086-sy energiýanyň täze çeşmeleri bilen işleýän ulaglar toparyna degişli boldy.

Aýratyn brendlerden bolsa 873 776 «Geely China Star» awtoulagy, 877 184 sany bolsa «Geely Galaxy» satyldy. Bularyň soňkusy sentýabr aýynda 2026-njy ýylyň täze aýlyk satuw rekordyny hem goýdy. «Lynk & Co» 196 117 ulag satdy, bu möçberiň 71,5%-i gibridleriň we doly elektrik awtoulaglarynyň paýyna düşdi.

Deňeşdirmek üçin aýtsak, «Audi» şu ýyl, takmynan 1,042 million ulag satdy (ýyllyk hasapda 11,4% peselme), «BMW Group» kompaniýasynyň 2026-njy ýylyň üç çärýegindäki bütindünýä satuwy bolsa 1 707 799 awtoulaga deň boldy — bu 2025-nji ýylyň ýanwar–sentýabr aýlaryndakydan 4,9% azdyr. «Volkswagen Group» şereketiniň 2026-njy ýylyň ilkinji üç çärýegindäki satuwy 6,011 million awtoulag bolup, 2025-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 9% azaldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info