Bilim edaralarynda çaganyň howpsuzlygy — bu diňe bir mugallymlaryň we dolandyryş bölüminiň däl, eýsem, ene-atalaryň hem aňly-düşünjeli gatnaşmagyny talap edýän meseledir.
Çagalar her gün wagtynyň ep-esli bölegini mekdeplerde, çagalar baglarynda we sport bölümlerinde geçirýärler: okaýarlar, bedenterbiýe bilen meşgullanýarlar, arakesmelerde oýnaýarlar, dürli çärelere gatnaşýarlar. Howpsuzlyk talaplaryna we ulularyň gözegçiligine garamazdan, garaşylmadyk hadysalaryň ähtimallygyny doly aradan aýyrmak mümkin däl.
Bu babatda Ýewropa ýurtlarynyň tejribesi bellärliklidir, şol sebitlerde çagalar bagyna barýan çagalar we mekdep okuwçylary dürli betbagtçylykly hadysalardan ätiýaçlandyryş ulgamy bilen doly gurşalyp alnan. Halkara tejribesine, meselem, Germaniýa seretsek, çagany garaşylmadyk hadysalardan goşmaça ätiýaçlandyrmak ene-atalar üçin ýylda, takmynan, 60–120 ýewro we şondan hem gymmada düşüp bilýär. Deňeşdirmek üçin aýtsak, «Resmi Kepilde» çagany şeýle hadysalardan standart ätiýaçlandyrmagyň bahasy 20 müň manada çenli ätiýaçlandyryş serişdesi bilen ýylda bary-ýogy 50 manatdan başlanýar.
Hut şu nukdaýnazardan hem, çagalary ätiýaçlandyrmak aýratyn ähmiýete eýedir. Bu howpsuzlyk çäreleriniň ornuny tutýan däl-de, maşgalany garaşylmadyk ýagdaýlaryň maliýe netijelerinden goraýan goşmaça guraldyr. Şikes ýetende ýa-da beýleki ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, berilýän maliýe goldawy ene-atalar üçin, aýratyn-da, çaga bejergi, dikeldiş ýa-da goşmaça ideg gerek bolanda uly kömek bolup biler.
Şu meselede ene-atalaryň aýratyn ünsüni çekmeli aýratynlyklaryň az däldigini bellemek gerek. Gynansak-da, çagalary ätiýaçlandyrmak meselesi, köplenç, degişli derejedäki ünsden uzakda galýar. Emma bilmeli zat: çaganyň ýanynda bilim edarasynyň bolmagy howpsuzlygyň doly kepili däl. Çaganyň howpsuzlygy boýunça şertleri üpjün etmek boýunça mekdebiň ýa-da çagalar bagynyň çekýän jogapkärçiligi meseläniň diňe bir tarapydyr. Beýleki tarapy bolsa maşgalanyň bolup biljek töwekgelçiliklere taýýarlygy we adatdan daşary ýagdaý ýüze çykanda nähili gorag çäreleriniň göz öňünde tutulandygyna düşünmegidir.
Çaga hakyndaky alada — bu diňe bir ony ýokary hilli bilim, iýmit we oňaýly şertler bilen üpjün etmek däl. Munuň özi öňünden doly aýdyp ýa-da öňüni alyp bolmajak töwekgelçiliklere jogapkärçilikli çemeleşmekdir. Ene-atalaryň şu günki aňly-düşünjeli netijesi ertir çaga we bütin maşgala üçin möhüm goldaw bolup biler.
Iň gymmat hazynaňyz bolan perzentleriňizi goraň!
«Resmi Kepil» ätiýaçlandyryş kompaniýasy iň möhüm hem zerur pursatlarda siziň bilen.
Habarlaşmak üçin:
Aşgabat: 48-46-36 / 48-46-37, 862 203 604
Mary welaýaty: 865 348 346
Balkan welaýaty: 863 188 207
Daşoguz welaýaty: 865 057 605
Lebap welaýaty: 871 580 104 / 871 580 105
