Aşgabatda zenanlarda süýt mäzleriniň howply täze döremesiniň öňüni almak boýunça maglumat beriş forumy geçirildi

MilliInfo

18 sagat öň

Aşgabatda zenanlarda süýt mäzleriniň howply täze döremesiniň öňüni almak boýunça maglumat beriş forumy geçirildi

Süýt mäzleriniň howply täze döremesi barada habarlylygy ýokarlandyrmak aýynyň çäklerinde Aşgabatda köpçülikleýin maglumat beriji seminar geçirildi. Çärä reproduktiw ýaşdaky aýallar, zenanlar jemgyýetçilik toparlarynyň wekilleri, žurnalistler we blogerler  gatnaşyp, süýt mäzleriniň howply täze döremesiniň sebäpleri, onuň öňüni almak we keseli irki döwürde anyklamagyň ähmiýeti barada pikir alyşdylar. Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanalary tarapyndan bilelikde guralan duşuşykda oňa gatnaşyjylara süýt mäzleriniň sagdyn bolmagy, skrining we öz-özüňi barlamagyň usullary barada gürrüň berildi.

Çäräniň dowamynda onkolog-mammolog lukmanyň gatnaşmagynda keseliň öňüni almak, kliniki skrining usullary we süýt mäzlerini zenanyň özüniň barlamagynyň usullary boýunça sessiýa giçirildi. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar süýt mäzleriniň howply täze döremesini başdan geçiren aýalyň tejribesini diňlediler. Ol öz çykyşynda goldawyň we saglyk barada ygtybarly maglumatlara elýeterliligiň ähmiýetini belledi.

Psiholog bilen geçirilen sessiýada bolsa saglyk bilen bagly aladalary ýeňip geçmek, diagnoz goýlandan soň ýüze çykýan stres we ruhy saglyk meseleleri barada gürleşildi. Mundan başga-da duşuşyga gatnaşanlar bilen hünärmenleriň arasynda sorag-jogap sessiýasy hem geçirildi.

Çärede süýt mäzleriniň saglygy barada ygtybarly maglumatlary ýaýratmakda, şeýle-de aýallary wagtynda lukmançylyk kömegini almaga we skrining barlaglaryndan geçmäge çagyrmakda jemgyýetçilik toparlarynyň we sosial medianyň orny hem bellenildi. Ýerli žurnalistleri, blogerleri we zenanlar jemgyýetçilik toparlaryny çekmek arkaly bu başlangyç habarlylygy ýokarlandyrmak boýunça işleriň gerimini giňeltmegi hem-de keseliň öňüni almagy, ony irki anyklaýyşy we aýallaryň saglygy barada açyk dialogy ösdürmegi maksat edinýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info