Iş berijiler we iş gözleýänler üçin peýdaly maglumatlar bir internet gurşawynda

MilliInfo
Iş berijiler we iş gözleýänler üçin peýdaly maglumatlar bir internet gurşawynda

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi özüniň resmi internet saýtyndaky sanly hyzmatlaryň mümkinçiliklerinden (https://mlsp.gov.tm) peýdalanmaga çagyrýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen bildirişde beýan edilýär.

Ministrligiň resmi saýtynyň sanly hyzmatlar bölüminde kärhanalar, guramalar we edaralar, şeýle hem iş beriji — şahsy taraplar hem-de iş gözleýän adamlar we gyzyklanma bildirýän raýatlar özleri üçin şahsy otagy açyp, degişli hyzmatlaryň görnüşleriniň amatlyklaryndan peýdalanyp bilerler. Şonuň bilen birlikde, sanly hyzmatlar arkaly zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralaryna, pensiýa gaznasynyň edaralaryna tabşyrylýan hasabatlar we maglumatlar onlaýn görnüşinde iberilip bilner.

Habarlaşmak üçin degişli telefon belgileri:

39-48-50, 39-48-82.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info