Türkmenistan Ysraýylyň Dohadaky ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgardy

MilliInfo

12 Sentýabr, 2025

Türkmenistan Ysraýylyň Dohadaky ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgardy

Türkmenistan Ysraýyl Döwletiniň Doha şäherindäki ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgarýar hem-de şeýle hereketlere Katar Döwletiniň özygtyýarlylygyna kast edilmegi we halkara hukugynyň kadalarynyň gödek bozulmagy hökmünde garaýar.

«Türkmenistan üçin islendik halkara meselelerini çözmekde güýç ulanmak ýa-da güýjüň ulanjakdygy barada haýbat atmak düýbünden kabul ederliksiz hasaplanýar we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünlerine hem-de ýörelgelerine garşy gelýär» — diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info