«ASAN Visa» portalynyň türkmen dilindäki nusgasy işe girizildi

MilliInfo

Azerbaýjan Respublikasyna syýahat etmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin «ASAN Viza» portaly türkmen dilinde işe girizildi. Bu barada Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Habar berlişi ýaly, portalyň türkmen dilinde işe girizilmegi elektron wiza üçin boýunça ýüz tutma prosesini Türkmenistanyň raýatlary üçin has amatly we elýeterli etmek maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Jemgyýete hyzmat we sosial innowasiýalar boýunça Döwlet agentligi (ASAN) we Azerbaýjan Respublikasynyň Turkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan amala aşyryldy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň raýatlary «ASAN Viza» portalyna https://www.evisa.gov.az/tk/ salgysy arkaly girip, beýleki diller bilen birlikde türkmen dilinde hem elektron wiza üçin ýüz tutup bilerler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info