«Ak Işan» aramgähine tölegsiz awtobus gatnawlary başlandy

MilliInfo

4 Mart, 2026

«Ak Işan» aramgähine tölegsiz awtobus gatnawlary başlandy

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Ak Işan» aramgähine zyýarat etmek isleýän raýatlar üçin hoş habar yglan edildi. «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ «Sarwan» hususy kärhanasynyň goldawy bilen haýyr-sahawat maksatly ýörite awtobus gatnawlarynyň ýola goýulandygyny habar berýär.

Bu ýörite awtobus gatnawy 2026-njy ýylyň 1-nji marty — 26-njy apreli aralygynda, her hepdäniň dynç günleri zyýaratçylar üçin doly tölegsiz esasda amala aşyrylar. Gatnaw tertibine görä, awtobuslar Aşgabat şäheriniň «Wokzal» awtoduralgasyndan sagat 08:00-da ugraýar we yzyna — «Ak Işan» aramgähinden paýtagtymyza tarap sagat 15:00-da ýola düşýär.

Gatnawlar barada has giňişleýin maglumat almak isleýän raýatlar aşakda bellenen telefon belgilerine ýüz tutup bilerler: 

+99361-49-34-9544-35-20.

Hormatly ildeşler, zyýaratlaryňyz we doga-dilegleriňiz kabul bolsun!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info