«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ 2026-njy ýylyň 25-nji maýyndan başlap, Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça täze awtobus gatnawynyň ýola goýulýandygyny mälim edýär. Bu başlangyç geljekki tomus möwsüminde raýatlaryň Hazaryň kenaryna bökdençsiz barmagyny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýar.
Täze gatnaw hepdäniň ähli günleri yzygiderli tertipde amala aşyrylar. Awtobuslar Aşgabat şäheriniň wokzalynyň golaýyndaky duralgadan ir sagat 06:00-da ýola düşer. Yzyna bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Ýelkenli köçesinde ýerleşýän 266 orunlyk awtoduralgadan sagat 13:00-da ugrar.
Syýahatçylar ýol peteklerini Aşgabat halkara awtomenzilinden, Awtokombinat we Wokzal kassalaryndan satyn alyp bilerler. Şeýle hem petekleri sanly ulgam arkaly ýörite şäherara programmadan onlaýn görnüşde bronlamak mümkinçiligi döredildi.
Goşmaça maglumat almak üçin 44-35-30, 44-35-20 we +99361-49-34-95 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.
Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy 2026-njy ýylyň tomus möwsümine doly taýýarlyk gördi. Häzirki wagtda bu künjekde birbada 10 müňden gowrak syýahatçyny kabul etmäge ukyply bolan 18-den gowrak döwrebap myhmanhana, şeýle-de çagalar we maşgalalar üçin niýetlenen dynç alyş merkezleri myhmanlara hyzmat eder.