Düýn — 27-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwletimiziň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Şeýle hem, milli parlamentiň ýolbaşçysy Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň nyşanlaryny, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralaryny ýokary derejede guramak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň we onuň düzümleriniň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer G.Agajanowyň hasabaty «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan degişli infrastruktura taslamasyny durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işler barada boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň hasabatynda onuň gözegçilik edýän toplumy tarapyndan, hususan-da, paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada aýdyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli sergini hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer B.Seýidowa Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk baradaky maglumatlary beýan etdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow ýurdumyzda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýewiň hasabatynda awtomobil ulagy pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin milli kanunçylygy halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada beýan edildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, ogul-gyzlaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde eziz enelerimize uly ornuň degişlidigini belledi. «Olaryň zähmeti bilen berkarar Watanymyzyň abraýy has-da belende göterilýär. Şoňa görä-de, mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde hormat-sarpasy örän uludyr» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzda 8-nji martda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak we ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak çärelerini guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.