Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: şu ýylyň ýedi aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi

MilliInfo
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: şu ýylyň ýedi aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi

1-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, geçen ýedi aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 7-si we Mejlisiň kararlarynyň 12-si kabul edildi.

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şeýle hem raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän Kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowyň, G.Agajanowyň, T.Atahallyýewiň hem-de B.Annamämmedowyň ýylyň degişli döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatlary diňlenildi.

Wise-premýer N.Atagulyýewiň, B.Seýidowanyň we B.Mämmedowyň hasabatlarynda olaryň gözegçilik edýän toplumlarynda şu ýylyň ýedi aýynda durmuşa geçirilen işleriň netijeleri beýan edildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol, ilki bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 24-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hödürlenen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyjynyň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýändigini, şeýle hem halkara gatnaşyklarynda kanunylygyň, adalatlylygyň we hukugyň ähmiýetiniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryň giň goldawa eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.

Pursatdan peýdalanyp, wise-premýer, daşary işler ministri mejlise gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň gazanan bu nobatdaky uly daşary syýasy üstünligi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini aýtdy.

«Biz geljekde hem Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary gelip gowşan hoş habar – möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Wise-premýer, daşary işler ministri sözüni dowam edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara başlangyjynyň mazmunyny giňden açyp görkezmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipleri hödürledi.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýewiň gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabaty diňlenildi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info