Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Mejlisde Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory bilen geçirilen duşuşygyň netijeleri barada hem aýdyldy. Mundan başga-da, milli parlamentiň wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna, duşuşyklaryna gatnaşdylar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem ykdysady ugurly halkara guramalar, maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy ilerletmek babatda geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer G.Agajanowyň hasabaty türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (СNPC) ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynyň netijeleri barada boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, gowaça ekişi möwsüminiň golaýlap gelýändigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu möwsümiň pagtaçy babadaýhanlarymyzyň öňünde örän möhüm wezipeleri goýýandygyny belledi we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 25-nji martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşululardan gowaça ekişine «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş edip, edermen pagtaçy babadaýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän toplumy tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň içerki sarp ediş bazaryny azyk harytlary bilen doly üpjün etmek, olaryň bahalarynyň elýeterliligini saklamak, oba hojalyk we azyk senagaty kärhanalarynda önümçiligiň möçberini artdyrmak hem-de bu önümleri eksporta gönükdirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer bu ugurdaky işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisini we maslahaty geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada beýan edildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew aragatnaşyk pudagynyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparynyň netijeleri barada aýdyldy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.