Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

MilliInfo

19 Iyul, 2025

18-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi.

Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly geçiren maslahatynda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, şu ýylyň awgust aýynda Awazada parlament forumyny ýokary derejede guramak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mejlisiň wekilleri BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasy bilen bilelikde çaganyň hukuklaryny düşündirmek boýunça okuw sapaklaryny geçirdiler, şeýle hem ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan duşuşyga gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanowyň hasabaty «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada boldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasynyň gurluşyk işleri tamamlanyp, täze desga ulanmaga doly taýýar edildi.

Hormatly Prezidentimiz toplumyň dabaraly açylyşyna sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda badalga berdi. Açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerinden göni aragatnaşyk arkaly «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow çykyş edip, hormatly Prezidentimize Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň kuwwatlylygy ýylda 2 million 60 müň tonna nebit we nebit önümlerini ýüklemäge hem-de 1 million 150 müň tonna nebit we nebit önümlerini düşürmäge mümkinçiligi bolan Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasyny işe girizmäge ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz täze desganyň işe girizilmegine ak pata berdi. Soňra dabaranyň geçirilýän ýerinde il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda toý bagy kesilýär. Täze gämi duralgasyndan nebit önümi ýangyç daşaýjy gämä guýlup başlanýar. Açylyş dabarasy aýdym-sazly, tansly çykyşlar bilen jemlendi.

Soňra mejlis Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň hasabaty Türkmen-ýapon işewürlik maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada bolup, häzirki wagtda forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen zerur çäreleriň görülýändigi aýdyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa söz berildi. Ol, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Soňra wise-premýer bu şanly sene mynasybetli geçiriljek çäreler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow howpsuzlyk meselelerinde halkara guramalar bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewiň ýurdumyzyň Halkara howa menzilleriniň maddy-tehniki binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabaty diňlenildi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo