Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

MilliInfo
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

Düýn — 24-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň goralmagy, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri, goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanowyň hasabaty «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan amala aşyrylýan işler barada boldy.

Wise-premýer T.Atahallyýew hasabatynda oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada beýan etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Energetika ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň hasabaty mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada boldy.

Wise-premýer B.Seýidowanyň hasabatynda şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada aýdyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Abu-Dabi welosport klubunyň hem-de ýurdumyzyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabaty Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary hakynda boldy.

Wise-premýer B.Annaýew demir ýol ulagy pudagyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada beýan etdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info