Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

MilliInfo

24 Ýanwar, 2026

Düýn — 23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, kabul edilen kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda halkara tejribeler öwrenilip, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek boýunça işler amala aşyrylýar. Şeýle-de Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri barada okuw sapaklarynyň guralandygy, şunuň bilen birlikde, olaryň BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren okuw maslahatlaryna we duşuşyklaryna, beýleki çärelere gatnaşyp, kanun çykaryjylyk işi barada özara tejribe alşandyklary hakynda aýdyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasy barada hasabat berse, wise-premýer B.Amanow nebitgaz toplumy üçin halkara tejribesi bolan hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hasabatynda oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy hakynda beýan edilse, B.Annamämmedowyň çykyşy «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyndaky zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada boldy.

Wise-premýer N.Atagulyýew Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň fewral aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi hakynda maglumat berse, wise-premýer B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri baradaky hasabaty bilen çykyş etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi. Wise-premýer M.Çakyýewiň hasabatynda bolsa ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada beýan edildi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info