Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

MilliInfo

3 sagat öň

Düýn — 16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol Mejlis tarapyndan ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş we Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, «Migrasiýa hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Welaýatlarda täze döredilen etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň, Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlary bellemek boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer B.Amanowyň hasabatynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada beýan edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän düzümleri, hususan-da, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzyň goşulyşan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti söwdany ýeňilleşdirmek hakynda çarçuwaly Ylalaşygy ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda aýdyldy.

Ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlarda häzirki wagtda milli toparlar döredildi. Şunuň bilen baglylykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan bu ugurda daşary ýurt tejribesi öwrenilip, Türkmenistanyň söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny döretmek babatda degişi işler alnyp barylýar.

Bu toparyň döredilmegi halkara ylalaşyklardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen birlikde, sebit we dünýä ýurtlary bilen bu ugurda utgaşykly hereket etmegi dowam etdirmäge hem mümkinçilik berer.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa medeniýet ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle-de teatrlarda we sirklerde şanly seneler, baýramçylyklar mynasybetli täze sahna oýunlarynyň hem-de tomaşalarynyň ilkinji görkezilişlerini guramak boýunça alnyp barylýan işler hakynda aýdyldy.

Wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň hasabatynda 2026-njy ýylda aspirantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň meseleleri barada beýan edildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň protokol gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewiň hasabatynda onuň gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, üstaşyr kuwwatyny pugtalandyrmak, halkara ulag geçelgelerindäki ornuny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler öz beýanyny tapdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info