13-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, Mejlisde döredilen iş toparlarynda «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda», «Elektron söwda hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Gümrük, Arbitraž iş ýörediş, Sanitariýa kodekslerine, «Neşirýat işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we başga-da birnäçe hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanowyň hasabaty Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda halkara Türkmen energiýa ylmy-amaly maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada boldy.
Wise-premýer T.Atahallyýewiň hasabatynda oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy hakyndaky maglumatlar beýan edildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Söwda-senagat edarasy tarapyndan degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde 2027-nji ýylda geçiriljek sergiler, ýarmarkalar, maslahatlar, festiwallar barada hasabat berdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz söwda toplumynda goýberen kemçilikleri üçin N.Atagulyýewe käýinç yglan etdi hem-de eger-de goýberilen kemçilikler gysga wagtda düzedilmese, onda ony eýeleýän wezipesinden boşatjakdygy barada duýdurdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowy göni aragatnaşyga çagyrdy hem-de, başga işe geçmegi sebäpli, ony eýeleýän wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenpagta» döwlet konserniniň başlygy D.Süleýmanowy göni aragatnaşyga çagyrdy hem-de ony söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine belläp, konserniň başlygy wezipesinden boşatdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz «Türkmenpagta» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary A.Kürtowy göni aragatnaşyga çagyrdy hem-de ony «Türkmenpagta» döwlet konserniniň başlygy wezipesine belläp, konserniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň 19-20-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Ýewropanyň Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedowyň hasabaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasyny guramaçylykly geçirmek hakynda boldy.
Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Ol Türkmenistanyň wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna gatnaşmagy we netijeli işlemegi babatda döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hasabatyny dowam edip, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna gulluk iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň deňiz we derýa ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz, başga işe geçmegi sebäpli, B.Annaýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz demir ýol ulaglary ministri M.Akmämmedowy göni aragatnaşyga çagyrdy we ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belledi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
