Merkezi Aziýanyň Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy komissiýasynyň mejlisinde sebitiň suw pudagynyň meselelerine seredildi

MilliInfo

Gazagystan Respublikasynda geçirilen Merkezi Aziýanyň Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy komissiýasynyň 90-ny ýubileý mejlisinde sebit hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Onuň işine Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň degişli pudaklarynyň we daşary syýasat edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Bütindünýä Banky, Aziýanyň Ösüş banky, GIZ we beýleki halkara maliýe guramalary gatnaşdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar tejribelerini paýlaşdylar, amaly gurallar, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri we bilelikdäki taslamalar barada pikir alyşdylar, şeýle hem sebitiň suw pudagyndaky häzirki ýagdaý, donorlaryň we hyzmatdaşlaryň meýilnamalary, ileri tutulýan ugurlary hem çemeleşmeleri bilen tanyşdylar. Elbetde, bu özara düşünişmegi pugtalandyrmaga we Merkezi Aziýada suwy durnukly dolandyrmak üçin ylalaşylan çözgütleri tapmaga uly goşant boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo