9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek Eýran Yslam Respublikasynyň gatnaşmagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdylar. Şeýle hem mejlise hormatly myhman hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian gatnaşdy.
...Sammitiň geçirilýän ýerinde — «Awaza» toplumynda mejlise gatnaşyjy wekiliýet Baştutanlaryny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady. Döwlet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi öz işine başlady.
Hormatly Prezidentimiz sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň Arkalaşygyň alyp barýan işinde ýylyň möhüm wakasydygyny, şu gün ýerine ýetirilen işleriň käbir jemleriniň jemleniljekdigini, geljekki döwür üçin wezipeleriň hem-de ugurlaryň kesgitleniljekdigini belledi.
Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyk hökmünde öz işine örän jogapkärçilikli çemeleşdi. Biz Tertipnamada göz öňünde tutulan ähli çäreleriň, şeýle hem häzirki bilelikdäki işler bilen baglylykda beýleki duşuşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etdik. GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň, daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň, Ykdysady Geňeşiň, birnäçe pudak edaralarynyň mejlisleri geçirildi. Ykdysady meseleler boýunça toparyň duşuşyklary yzygiderli guraldy. Ähli duşuşyklaryň baý many-mazmunly we netijeli iş ýagdaýynda geçendigini bellemek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz munuň oňyn netijeleri gazanmaga mümkinçilik berendigini belläp, Arkalaşygyň işini netijeli utgaşdyrýandygy üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedewe minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan GDA-da başlyk hökmünde şu ýyl ähli ylalaşylan meýilnamalary hem-de wezipeleri ýerine ýetirmek üçin hyzmatdaşlar bilen bilelikde jogapkärçilikli işlemegi dowam eder, bilelikdäki işiň netijeliligini üpjün etmek üçin ähli tagallalary eder.
Şu günki mejlisiň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 35 ýyllygynyň bellenilýän döwründe geçirilmegi onuň tapawutly aýratynlygydyr. Munuň özi möhüm senedir. Bu gün geçilen ýoluň käbir meselelerini jemlemek bilen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň bu ýoly mynasyp geçendigini ynamly aýtmak bolar. Käbir kynçylyklara garamazdan, biz hyzmatdaşlygyň binýadyny gorap saklamagy, onuň deňhukukly, özara hormatly we bähbitli häsiýetini üpjün etmegi başardyk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Nygtalyşy ýaly, söwda-ykdysady gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär, aýratyn-da, soňky ýyllarda söwda dolanyşygy artdyrylýar. Syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlygyň gün tertibi giňeldilýär. GDA formaty özüni möhüm halkara meseleler boýunça diplomatik geňeşmeler üçin amatly meýdança hökmünde görkezdi. Ynsanperwer gatnaşyklar hem baý many-mazmuny bilen tapawutlanýar. Bu gatnaşyklar medeniýet, ylym, bilim, sport, syýahatçylyk we beýleki birnäçe möhüm ugurlary öz içine alýar.
Parlamentara hyzmatdaşlyk hem işjeňleşdirilýär. Türkmenistan Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekilleriniň işjeň gatnaşmagynda geçirilen birnäçe ähmiýetli parlament çärelerini hem-de forumlaryny geçirmek başlangyjyny öňe sürüp, bu ugry ösdürmäge uly üns berýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu çärelere gatnaşandyklary üçin wekiliýetlere aýratyn minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz parlament tematikasy bilen baglylykda, pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti hormatly Wladimir Wladimirowiç Putini ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasyna saýlawlaryň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady, Döwlet Dumasynyň täze düzüminde hem Türkmenistanyň we Russiýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda netijeli, özara hormat goýmak dialogynyň, däp bolan hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.
Şeýle hem, hormatly mejlise gatnaşyjylar, şu günki sammitiň dowamynda, ýakyn dostlaryň we hyzmatdaşlaryň arasynda bolşy ýaly, size ýakynda Türkmenistanyň durmuşynda möhüm wakanyň bolandygyny, ýokary wekilçilikli edaranyň – Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilendigini habar bermegi möhüm hasaplaýaryn. Onuň dowamynda birnäçe möhüm çözgütler, hususan-da:
— «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy»;
— «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy»;
— «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli konsepsiýasy;
— «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we Halk Maslahatynyň mejlisiniň netijeleriniň Türkmenistanyň halkara derejedäki, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky işini ösdürmek üçin binýat boljakdygyna, bilelikdäki iş üçin täze mümkinçilikleri, giňişlikleri döretjekdigine berk ynam bildirdi.
Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, Arkalaşygyň döwletleriniň logistika we infrastruktura mümkinçiliklerini doly derejede açmak üçin şertleri döretmäge aýratyn üns berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2029-njy ýyly «GDA-nyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Türkmenistanyň GDA ýurtlary durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda işjeň orun eýelemelidirler diýip hasaplaýandygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy başlangyjynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Bu barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda degişli Kararnama kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Arkalaşyga agza döwletleriň onýyllygyň maksatlaryny hem-de wezipelerini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirip, onýyllygy GDA giňişliginde, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde durmuşa geçirmek boýunça degişli geňeşmeleri geçirmäge hem-de bilelikdäki çemeleşmeleri we teklipleri işläp taýýarlamaga Türkmenistanyň taýýardygyny tassyklady. Munuň üçin bizde Baş Assambleýa tarapyndan 2025-nji ýylyň 26-njy awgustynda kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama görnüşinde hukuk esasymyz bar.
Umuman, Türkmenistan ulag we üstaşyr geçelgeleri döretmek, olaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak hem-de ähli ýurtlar, şol sanda GDA-nyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleri üçin elýeterliligini üpjün etmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde GDA ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmäge ýardam etmegi maksat edinýär. Türkmenistanyň bu ugurdaky işi şeýle hem 2025-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda kabul edilen we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen biragyzdan makullanan «Awaza syýasy Jarnamasyna» esaslanýar.
Hazar deňzi sebiti ulag arabaglanyşygynyň möhüm halkasy bolup durýar. Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň Gündogar Hazar we Günbatar Hazar geçelgeleriniň, hususan-da, GDA goňşy ýurtlarda we sebitlerde bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, örän möhüm ähmiýete eýedigi mälimdir.
Senagat we tehnologik hyzmatdaşlygyň, ýurtlarymyzyň çäklerinde önümçilik zynjyrlarynyň döredilmeginiň ähmiýeti hem artýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi dogry we anyk ugurlary görkezdi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň giň ynsanperwer hyzmatdaşlygy dowam etmegi berk maksat edinýändigini aýdyp, halkara gün tertibi bilen baglylykda, ileri tutulýan wezipe hökmünde BMG-niň Tertipnamasyny we halkara hukugy goramakda tagallalary birleşdirmegi teklip etdi. Bu gün bu wezipe aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy şu ýylyň 24-nji iýulynda 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etdi. Şunuň bilen parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde hukuk kadalarynyň möhüm orny biragyzdan tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Kararnamanyň taslamasyny goldan we resminamany kabul etmäge möhüm goşant goşan GDA ýurtlaryna minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistan bu başlangyç bilen çykyş edende, ählumumy howpsuzlygyň binýady hökmünde BMG-niň Tertipnamasynyň we halkara gatnaşyklaryň hukuk esaslarynyň mizemezligini gorap saklamagyň zerurdygyna bolan berk syýasy we ahlak ynamyndan ugur aldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Türkmenistanyň başlyklyk etmegini goldandyklary üçin GDA döwletleriniň Baştutanlaryna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Ýurdumyz mundan beýläk hem GDA-nyň çäklerinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda işlemegini we ähli bilelikdäki meýilnamalary hem-de taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam bermegini dowam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, Arkalaşygyň döwletleriniň halklaryna parahatçylyk hem-de abadançylyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu gün Geňeşiň garamagyna ynsanperwer hyzmatdaşlyk, howpsuzlygy we ulag arabaglanyşygyny üpjün etmek hem-de hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň hödürlenendigini aýdyp, mejlisiň gün tertibi baradaky maglumaty yglan etmek üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe söz berdi. Sergeý Lebedew GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň döwletleriň we Arkalaşygyň düzümleriniň teklipleri esasynda taýýarlanylan hem-de Geňeşiň Başlygy bilen ylalaşylan gün tertibiniň taslamasy barada maglumat berdi.
Mejlise gatnaşyjylaryň biragyzdan goldamagynda mejlisiň gün tertibi tassyklanyldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz çykyş etmek üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz berdi.
Hormatly Prezidentimiz açyk we netijeli pikir alyşmalar üçin mejlise gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirip, çykyşlaryň dowamynda GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen möhüm hem-de netijeli teklipleriň beýan edilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine mejlisde beýan edilen başlangyçlary seljermegi hem-de wekiliýet Baştutanlarynyň ähli teklipleriniň iş ýüzünde amala aşyrylmagy üçin anyk çäreleri işläp taýýarlamagy teklip etdi.
Soňra 2027-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Özbegistan Respublikasynyň başlyklyk etmegi baradaky çözgüt kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylaryň ählisiniň adyndan özbek tarapyny gutlap, üstünlikli başlyklyk etmegi arzuw etdi.
Mejlisiň dowamynda başga-da birnäçe guramaçylyk meselelerine seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Soňra Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi giňişleýin düzümde dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylary ýene bir gezek mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň çäkli düzümde geçirilen mejlisiniň dowamynda 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegiň Özbegistan Respublikasyna geçirilmegi baradaky çözgüdiň kabul edilendigini aýtdy we Prezident Şawkat Mirziýoýewe çykyş etmek üçin söz berdi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Özbegistan Respublikasynyň GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny we geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça işleriň tamamlanandygyny, şunda 100-den gowrak çäräniň göz öňünde tutulandygyny aýtdy.
Şeýle hem Prezident Şawkat Mirziýoýew Arkalaşygyň içindäki syýasy dialoga aýratyn ünsi çekip, hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgeleriniň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň binýady bolup durýandygyny we bu binýady berkitmegiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň adyndan Özbegistan Respublikasyna üstünlikli başlyklyk etmegi we özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň bähbidine öňde goýlan ähli maksatlara ýetmegi arzuw etdi.
Soňra GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana söz berildi. Dostlukly ýurduň Prezidenti bu sammite gatnaşmaga çakylyk hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan edip, Eýran Yslam Respublikasynyň GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine ilkinji gezek hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynyň özara gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny açmak üçin uly mümkinçilik bolup durýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu duşuşygyň Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň ekologiýa sammiti bilen bir wagtda geçirilmegi Eýranyň Hazarýaka we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen umumy bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin amatly binýat döredýär.
Soňra GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew çäkli düzümdäki mejlisde kabul edilen çözgütler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, wekiliýet Baştutanlary 2027-nji ýylda Arkalaşykda Özbegistan Respublikasynyň başlyklyk etmegi, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň bolsa bilelikde başlyklyk etmegi baradaky çözgüdi kabul etdiler. Şeýle hem döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini 2027-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynda geçirmek baradaky Çözgüt kabul edildi.
Sergeý Lebedew Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy bilen baglanyşykly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Beýannamasy hakynda maglumat berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş etmek üçin Rus dili boýunça halkara guramanyň Baş sekretary Natalýa Boçarowa söz berdi. Ol mejlise gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, şeýle ýokary derejeli çärä gatnaşmagyň özi üçin uly mertebedigini hem-de jogapkärçilikdigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmegine 35 ýyl dolýar. Bu hem ýaşlygyň, hem-de toplanylan uly tejribäniň ýaşydyr. Arkalaşygyň kuwwaty Rus dili boýunça halkara gurama ýaly täze taslamalary döretmek başarnygy bilen subut edilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu guramanyň öz işine 6 aý mundan ozal başlandygy aýdyldy we onuň alyp barýan işleri barada maglumat berildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kabul edilen çözgüde laýyklykda, GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge, dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlyk gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Tahir Iksanowa, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça işi üçin Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň Demir ýol ulagy boýunça geňeşiniň müdiriýetiniň başlygy Wiktor Popowa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hormat hatyny gowşurdy.
Soňra resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda 2027-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek hakynda Çözgüt; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek hakynda Teswirnamalaýyn çözgüt; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Beýannamasy hakynda Çözgüt; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hormat haty bilen sylaglamak hakynda Teswirnamalaýyn çözgüt; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2029-njy ýyly «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag arabaglanyşygy ýyly» diýip yglan etmek hakynda Çözgüt bar.
Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günki mejlisiň netijeli geçendigini, resminamalary kabul etmekden başga-da, wekiliýet Baştutanlarynyň GDA-nyň çäklerindäki köpugurly hyzmatdaşlygyň, şeýle hem halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy boýunça netijeli pikir alşandyklaryny belledi. Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleriň hem-de garalan resminamalaryň GDA giňişliginde umumy bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we kämilleşdirmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz sözüniň ahyrynda şu günki döwlet Baştutanlarynyň mejlisini taýýarlamaga we geçirmäge gatnaşan GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärlerine, bilermenlere, Arkalaşygyň edaralarynyň wekillerine minnetdarlyk bildirip, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.
Şeýlelikde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Awazada geçirilen mejlisi GDA ýurtlarynyň ykdysady integrasiýany çuňlaşdyrmaga çalyşýandyklaryny görkezip, möhüm sebit we ählumumy meseleleri çözmekde türkmen diplomatiýasynyň ýokary netijeliligini subut etdi.
***
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi öz işini tamamlansoň, bu gurama agza ýurtlaryň Baştutanlary hem-de mejlise hormatly myhman hökmünde gatnaşan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti mejlisiň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan gurama agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň sergisini synladylar. Milli pawilýonlarda ýurtlaryň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, ykdysady mümkinçilikleri hem-de medeni aýratynlyklary, durmuşa geçirýän başlangyçlary we taslamalary öz beýanyny tapdy. Munuň özi şu ýylyň möhüm wakasyna öwrülen halkara çäreleriň köptaraplaýyn häsiýete eýe bolandygyny görkezýär.
