Döwlet Baştutanymyz möhüm kadalaşdyryjy hukuk namasyna — «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.
Bu resminama türkmen halkynyň iň beýik milli gymmatlygy we buýsanjy hasaplanýan rowaýaty bedewlerimizi goramaga gönükdirilendir.
Kanun ajaýyp we özboluşly tohumy netijeli gorap saklamagyň, köpeltmegiň hem-de hemmetaraplaýyn goldamagyň hukuk binýadyny, guramaçylyk esaslaryny we ykdysady binýadyny anyk kadalaşdyrylýar.
Kanun «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda (24.09.2026ý) çap edildi.
