Awazada çagalar üçin giň gerimli ekologiýa çäresi geçirildi

MilliInfo

11 Awgust, 2026

Awazada çagalar üçin giň gerimli ekologiýa çäresi geçirildi

10-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan çäresi geçirildi.

Bu ekologiýa başlangyjy BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Hazar deňzindäki plastik hapalanmasyna garşy göreşmek boýunça Russiýa Federasiýasynyň maliýe goldawy bilen durmuşa geçirýän bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde amala aşyryldy. «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi çäräniň esasy hyzmatdaşlary hökmünde çykyş etdiler. Şeýle hem, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Goranmak ministrliginiň wekilleri ýörite temalar boýunça okuw sapaklaryny geçirdiler.

Çäräniň esasy gatnaşyjylary «Daýanç» we «Arzuw» çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalar boldy. Çäräniň baş maksady — ösüp gelýän ýaş nesliň Hazar deňziniň ekologiýasy baradaky bilimlerini çuňlaşdyrmak we olarda tebigata aýawly çemeleşmek ukyplaryny kemala getirmekden ybaratdyr.

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Tähran konwensiýasynyň Sekretariatynyň we «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenleri ýaş gatnaşyjylara deňziň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem plastik galyndylarynyň we mikroplastigiň daşky gurşawa ýetirýän howplary barada gürrüň berdiler.

Hünärmenler çagalara suwda we kenarýakada özüňi alyp barmagyň kadalaryny, tomus paslynda ýangyn howpsuzlygyny we ilkinji kömegi bermegiň esasy endiklerini öwretdiler.

«Hazaryň goragçylary» atly kwest-oýunyň dowamynda çagalar howpsuzlyk kadalary we tebigaty goramak boýunça öz bilimlerini synadylar. Döredijilik ussahanasynda bolsa olar ekologiýany goramaga çagyryş edýän plakatlary taýýarladylar we meýletinçileriň kenarýaka zolaklaryň arassalygyna gözegçilik etmek boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdylar.

«Bu çäräniň geçirilmegi — deňiz galyndylary we plastik hapalanmasy meselesi boýunça ýaşlaryň habarlylygyny ýokarlandyrmaga, ekologiýa taýdan jogapkärli özüňi alyp baryş medeniýetini öňe sürmäge hem-de Hazar deňziniň özboluşly ekosistemasyny geljekki nesiller üçin gorap saklamaga gönükdirilen sebit taslamasynyň bir bölegidir» diýip, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň hünärmeni Jemal Durdykowa belledi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info