Millionlarça janköýeriň ünsi 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryna gönügen wagty, ýaryşyň iň täsirli wakalarynyň biriniň futbolçylar ýa-da tälimçiler bilen däl-de, nemes sport žurnalisti Hartmut Şerzer bilen baglydygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ol 88 ýaşynda hem dünýäniň iň iri futbol ýaryşyny beýan etmegini dowam etdirýär we eýýäm yzygiderli 17-nji çempionatynda işleýär.
Şerzer özüniň ilkinji dünýä çempionatyna heniz 1962-nji ýylda Çilide gatnaşypdy. Şondan bäri ol dünýä futbolynyň ähli esasy döwürleriniň şaýady bolup, bir gezek hem dünýä birinjiligini sypdyrmady. Alty onýyllykdan gowrak dowam eden žurnalistik işiniň dowamynda ol Pele, Diýego Maradona, Ýohan Kroýf, Ronaldo, Zinedin Zidan, Kriştianu Ronaldu we Lionel Messi ýaly rowaýaty şahsyýetleriň oýunlaryny öz gözi bilen gördi.
Hünärine we dünýä futbolyna köp ýyllaryň dowamynda wepaly gulluk edendigi üçin Halkara futbol federasiýasy (FIFA) žurnaliste Dünýä kubogynyň kiçijik nusgasyny gowşurdy. Sylaglamak dabarasy Germaniýanyň we Ekwadoryň ýygyndy toparlarynyň arasyndaky oýnuň öňüsyrasynda geçirildi.
Hartmut Şerzer dünýä çempionatlaryndan başga-da, 1964-nji ýyldan bäri 21 sany Olimpiýa oýunlaryny we 33 sany «Tur de Frans» welosport ýaryşlaryny žurnalist hökmünde jemgyýete ýetirdi. Bu bolsa ony dünýäniň iň tejribeli sport žurnalistleriniň birine öwürýär.
Şeýle uly ýaşynda işini dowam etdirmäge nämäniň kömek edýändigi baradaky soraga Şerzer gysgaça jogap berýär:
«Diňe hyjuw. Hyjuwdan başga hiç zat däl».
Nemes žurnalistiniň bu durmuş ýoly käriňe söýginiň ýaş saýlamaýandygyny, öz işiňe wepalylygyň bolsa ynsany dünýä sportunyň taryhynyň bir bölegine öwürýändigini ýene bir gezek subut edýär.
