Pekinde Gumanoid (adama meňzeş) robotlarynyň birinji bütindünýä oýunlary tamamlandy. Oňa 16 ýurtdan 280 topar gatnaşyp, emeli intellektiň hem-de robot tehnikasynyň çäginde eýe bolan üstünliklerini görkezdiler.
Konkide typmak boýunça milli stadionda geçirilen ýaryş birnäçe ugurlary öz içine aldy: ýeňil atletikadan stol tennisine, derman serişdelerini tertiplemäge hem-de arassaçylyk işlerine çenli.
Esasan hem, hytaýly öndürijiler — «Booster Robotics» ýaly meşhur kompaniýalar tarapyndan döredilen robotlar sport we amaly synaglar boýunça bäsleşdiler. Futbol we 1500 metr aralyga ylgamak ýaryşynyň dowamynda robotlaryň çaknyşmalary we ýykylmalary bellige alyndy. Muňa garamazdan, olaryň köpüsi özbaşdak ýerinden turmagy başardy, bu bolsa tomaşaçylarda haýran galdyryjy täsir döretdi.
Çäräniň petekleri 17,83-den 80,77 dollar aralygynda goýuldy. Oýunlaryň geçýän döwründe jemlenen maglumatlar robotlary ýygnamak hem düzmek ugurlarynda işläp taýýarlamalar ýaly senagat wezipelerini ösdürmekde peýdaly bolar.
Hytaý emeli aň tehnologiýasynyň ösüşi üçin infrastrukturalary döretmek we startaplary goldamak bilen, robot tehnikasyna işjeň maýa goýýar.