Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň «Gran-pri» ýaryşlarynyň nobatdaky tapgyry tamamlandy. Bu ýaryşa 166 oýunçy gatnaşyp, ol paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen ökde küştçüleri bir ýere jemledi.
Küşt boýunça «Gran-pri» ýaryşy şu ýyl ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilip başlandy. Iň güýçli milli reýtingde öňdäki orunlary eýeleýän erkek we zenan türgenlerden ybarat açyk toparda paýtagtly türgenler Amanmuhammet Hommadow bilen Lala Şöhradowa birinji we ikinji, türkmenabatly Serdar Baýramow bolsa üçünji orny eýeläpdi. Zenan küştçülerden ybarat toparda bolsa paýtagtymyzdan Eneş Arazmedowa birinji, Lebap welaýatyndan Gülmira Seýilhanowa ikinji, şeýle hem Aşgabat şäherine wekilçilik eden Bägül Ezizowa üçünji orna mynasyp bolupdy.
Türkmenabatdaky tapgyra gatnaşyjylaryň agramly bölegi Lebap welaýatynyň dürli sport mekdeplerinde tälim alýan küştçüler boldy. Şeýle hem oňa paýtagtymyzdan, «Küşt älemi» akademiýasyndan, Mary we Daşoguz welaýatlaryndan güýçli küştçüler gatnaşdylar. Ýaryş küştüň şweýsar usulynyň düzgünleri esasynda 9 tapgyrda geçirildi. Paýtagtymyzda bolşy ýaly, küştçüler açyk we zenanlar toparlarynda ýaryşdylar. Açyk bölümde 100 küştçi güýç synanyşan bolsa, zenanlaryň arasynda 66 oýunçy baýrakly orunlar ugrunda göreşdiler.
Çekeleşikli geçen ýaryşlarda açyk toparda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş kätibi Mergen Kakabaýewe taý tapylmady. Ýaryşyň mart aýynda geçirilen Aşgabat şäheri boýunça tapgyrynda ikinji we üçünji ornuň eýeleri bilen deň mukdarda utuk toplandygyna garamazdan, dördünji orny eýelän Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Wepaly Halnyýazow ýene-de 7 utuk toplady. Ýöne ol bu gezek ýaryş tertibiniň ikinji basgançagyna ýerleşdi. Wepaly bilen deň utuk toplan Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Jahan Rejebowa käbir görkezijiler boýunça ondan yza galdy. Şeýlelikde, Jahan ýaryşyň açyk toparynyň üçünji ornuny eýeledi
Ýaryşyň paýtagtymyzdaky tapgyrynda ikinji orny eýelän Türkmenabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülmira Seýilhanowa bu gezek ýokary derejedäki taýýarlygyny subut edip, 8 utuk bilen hormat münberiniň birinji basgançagyna çykdy. Dänew etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Mähri Aýmakowa ýeňijiden bary-ýogy ýarym utuk yza galyp, ikinji orny eýeledi. Öňdebaryjylaryň ilkinji üçlügini Mary şäherindäki 16-njy orta mekdebiň okuwçysy Jennet Ýalkanowa jemledi. Ol ýaryşda 7 utuk toplap bildi.
«Gran-pri» ýaryşlary ýakyn günlerde Daşoguz welaýatynda dowam eder. Soňra ol Türkmenbaşy we Mary şäherlerinde hem geçiriler. Final tapgyry Aşgabatda geçiriljek ýaryşlaryň netijesinde iň ýokary görkezijini gazanmagy başaran küştçüler geljek ýylda ýurdumyzyň Ýokary ligasynda, şol sanda milli ýygyndymyzyň hatarynda halkara ýaryşlarda çykyş etmäge hukuk gazanarlar.