Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary tamamlandy

MilliInfo

14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi hem-de Kazan şäheriniň «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna gatnaşdy.

Sport toplumynda Gahryman Arkadagymyzy RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, oba hojalyk we azyk ministri, Atçylyk we atçylyk sporty federasiýasynyň başlygy Marat Zýabbarow hem-de Kazan halkara atçylyk sport toplumynyň direktory mähirli garşyladylar. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow sport toplumynyň çäginde Tatarystanyň oba hojalyk önümlerine bagyşlanan sergini synladylar. Sergide ýerli önümçilige degişli azyk önümleriniň dürli görnüşleri görkezilýär. Soňra bu ýerde hormatly Arkadagymyz Kazan halkara atçylyk sport toplumynyň aýratynlyklary we bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz hem-de Rustam Minnihanow soňra at çapyşyklaryna tomaşa etdiler. Oňa türkmen çapyksuwarlary hem gatnaşdylar.

Şeýlelikde, Kazan halkara atçylyk sport toplumynda geçirilen ilkinji at çapyşygynda ýurdumyzyň ussat çapyksuwary B.Agamyradow ynamly ýeňiş gazandy. Bu günki geçirilen at çapyşyklarynda türkmen çapyksuwarlary tatar atlarynda ýaryşa gatnaşdylar. At çapyşygyndaky baýraklar ahalteke atlarynyň hormatyna goýuldy. Olary almak bolsa türkmen türgenlerine nesip etdi.

1 müň 800 metr aralyga geçirilen ýene bir çapyşykda ýurdumyzyň çapyksuwarlary ezberliklerini görkezdiler. Bu çapyşykda B.Berdimuhammedow pellehana birinji bolup gelmegi başardy.

Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Gahryman Arkadagymyz ýeňiji bolan ussat türkmen çapyksuwarlaryna kuboklary gowşuryp, olary gazanan ýeňşi bilen gutlady.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Kazan şäheriniň «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna gatnaşdy. Maslahatda çykyş etmek üçin, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyza söz berildi.

«Halkara ykrarnama eýe bolan Kazan forumy her ýyl öz meýdançalarynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan we halkara guramalardan ýokary derejeli wekiliýetleri jemläp, ugurlaryň giň gerimi boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin şertleri döredýär. Şu ýyl hem, ozal bolşy ýaly, Tatarystanyň paýtagtynda halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm çäreler geçirilýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we şolaryň hatarynda Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) Baş maslahatynyň 15-nji mejlisini aýratyn belledi.

«Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasyny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri düzýär. Bu bolsa parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Şeýle hem Bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistanyň bitewi we uzak möhletleýin medeni-ynsanperwer strategiýasyny amala aşyrmagyň esasy şertidir. Türkmenistan ynsanperwer häsiýetli esasy halkara konwensiýalara, şertnamalara goşuldy hem-de Milletler Bileleşigi bilen bilelikde olary milli we ählumumy derejede iş ýüzünde durmuşa geçirmek ugrunda tagalla edýär» diýip, Milli Liderimiz nygtady.

«Ýurdumyzda maddy däl medeni mirasy gorap saklamaga hem aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda olaryň köpüsi, şol sanda türkmen milli halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi we dutarda saz çalmak hem-de bagşyçylyk sungaty, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri, türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri ÝUNESKO-nyň degişli sanawlaryna girizildi. Şu günki günde biz Türkmenistanyň daşary syýasatynda medeni meseleleri işjeň öňe sürýäris, bilim, ylym, sungat we medeniýet ulgamlaryndaky möhüm meseleleri çözmäge gönükdirilen täze başlangyçlary taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek boýunça işleri alyp barýarys» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň ICESCO-nyň işine uly hormat bilen garaýandygyny we bu gurama bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi halkara ynsanperwer syýasatynyň möhüm ugry hasaplaýandygyny, ICESCO bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge, guramanyň ugurdaş başlangyçlaryna gatnaşmaga, dürli ugurlar boýunça amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Gahryman Arkadagymyz taryhy miras barada aýdyp, Türkmenistanyň yslam ýurtlarynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça ICESCO-nyň uzak möhletleýin Strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip edýändigine ünsi çekdi.

Bilim we magaryf işi barada aýdylanda, Türkmenistan «Yslam şygryýet dialogy: paýhas we asyrlaryň baglanyşygy» atly giň gerimli maksatnamany durmuşa geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürýär.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň yslam dünýäsiniň «akylly» şäherler diplomatiýasy başlangyjyny öňe sürýändigini aýdyp, şunda gurama agza döwletlerde, şeýle hem Türkmenistanda «akylly» şäherleri döretmegiň döwlet syýasatynyň ugry hökmünde işjeň ösdürilýändiginden ugur alynýandygyny belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň parahatçylyk we döredijilik, medeni köpdürlülik, durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklap, bilimiň, ylmyň, medeniýetiň döwletleri hem-de halklary birleşdirmäge ukyply ählumumy gymmatlyklardygyny nygtady.

Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden teklipleriniň ähmiýetini belläp, olary doly goldadylar.

13-nji maýda Kazanda açylan ICESCO-nyň Baş maslahatynyň 15-nji mejlisinde ýurdumyza Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynda synçy derejesi berildi. Agzalan guramanyň ýolbaşçysy Salim Al Maligiň çykyşynda 2028-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabady «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky meselä häzirden seredilýändigi we bu boýunça degişli işleriň geçirilip başlanandygy barada aýtmagy möhüm ähmiýete eýedir.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz we Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilelikde Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline geldiler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bildirilen myhmansöýerlik üçin Tatarystanyň Baştutanyna ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi hem-de onuň bilen hoşlaşyp, Watanymyza ugrady.

Birnäçe sagatdan türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

***

«KazanForum — 2026» forumynyň çäklerinde Kazan şäherinde «Russiýa — Yslam dünýäsi: hyzmatdaşlyk EXPO» sergisi geçirilýär. Oňa Türkmenistan hem öz milli pawilýony bilen gatnaşýar.

Ýurdumyzyň milli pawilýony ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, hususy pudakda gazanylýan üstünlikler bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Hususan-da, bu ýerde nebitgaz, himiýa, azyk, dokma senagatynyň önümleri, gurluşyk serişdeleri görkezilýär. Şunuň bilen bir hatarda, pawilýonda ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ýaly ulgamlarda gazanýan üstünlikleri şöhlelendirilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda elektron senagat yzygiderli ösdürilýär. Sergide bu ulgamyň gazananlary elektron enjamlaryň dürli görnüşleri arkaly giňden beýan edilýär. Türkmenistanyň pawilýonynda meşhur türkmen halylary, ajaýyp şaý-sepler hem bar. Zehinli türkmen halyçylarynyň, zergärleriniň döreden bu eserleri gözelligi, inçeligi bilen tutuş dünýäde meşhurdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna sergide möhüm orun berlipdir. Dünýäniň dürli dillerine terjime edilen bu eser ähmiýetli gollanma hökmünde ykrar edilendir.

Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň sergi bölüminiň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdiler. Bu iri gözden geçiriliş ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini görkezýär hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Kazan forumynyň çäginde guralýan «Musulman dünýäsiniň zenanlarynyň milli geýimleriniň modasy» festiwalynda ýurdumyzyň milli lybaslary görkezildi. Türkmen milli lybaslarynyň aýratynlyklary we köpöwüşginliligi bu ýere gelenlerde uly täsir galdyrdy. Türkmen modelýerleriniň Kazanda geçirilen bu abraýly festiwala gatnaşmagy milli däp-dessurlarymyzyň, baý medeni mirasymyzyň döwrebap äheňler bilen sazlaşykly utgaşygyny görkezmäge mümkinçilik berdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info