Ertir Aşgabatdaky Rus öýünde hemmeler üçin surat çekmek sapagy geçiriler

MilliInfo

12 Ýanwar, 2026

13-nji ýanwarda Aşgabat şäherindäki Rus öýünde täze — 2026-njy ýylyň ilkinji surat çekmek sapagy geçiriler. Bu döredijilik çäresine surat ukyplaryna garamazdan, isleg bildirýänleriň ählisi gatnaşyp biler.

Sapak gatnaşyjylara döredijilik gurşawynda dürli boýaglar bilen işlemek we täze ylham çeşmelerini tapmak mümkinçiligini bagyşlar.

Başlanýan wagty: 17:00.

Gatnaşmak üçin otdel_tm@mail.ru elektron poçtasy boýunça deslapdan ýazylmak hökmanydyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info