24-nji oktýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçisi Şener Jebeji türkmen metbugatynyň wekilleri bilen tanyşlyk ertirlik naharyny gurady. Jebeji bu ýerde eden çykyşynda şu temalara üns çekdi:
• 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryndan 4-nji oktýabryna çenli Şanlyurfa howa menzilinde geçirilen TEKNOFEST awiasiýa, kosmos we tehnologiýalar festiwalynyň çäklerinde Türkmenistandan žurnalistleriň ikisi Türkiýäni Ösdürmek Agentligi (TGA) tarapyndan Gaziantepde we Şanlyurfada kabul edildi.
• TGA bilen «Türk howa ýollarynyň» (THY) Aşgabat wekilhanasynyň hyzmatdaşlygynda we ilçihananyň goldaw bermegi bilen, Türkmenistanda işleýän 10 metbugat wekilinden we ýerli işgärden ybarat bolan 11 adamlyk wekiliýet şu ýylyň 10–14-nji oktýabry aralygynda Çanakkalada we Balykesirde kabul edildi. Sapar dowamynda žurnalistler Zeýtun ýagy muzeýi, Kaz daglary, Assos gadymy şäheri, Troýa muzeýi, Troýa gadymy şäheri, Gelibolu taryhy zolagy we Çanakkala şehitleriniň ýadygärligi ýaly iki welaýatyň iň tanymal taryhy we syýahatçylyk ýerlerinde boldular.
• 2026-njy ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda Türkmenistandan Türkiýä gelen myhmanlaryň sany 151 887 adam boldy, bu 2025-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 20,46 göterim köpdür.
• 2025-nji ýylda Türkiýe 64 million myhmany kabul edip, 65,2 milliard dollarlyk umumy girdeji gazandy we syýahatçylyk pudagynda rekord goýdy. 2026-njy ýyl üçin 68 milliard dollarlyk girdeji bilen täze rekorda ýetmek maksat edinilýär.
• 2017-nji ýylda dünýäde iň köp syýahatçy kabul eden ýurtlaryň arasynda 8-nji orunda bolan Türkiýe 2024-nji ýylda 4-nji orna çykdy.
• 2023–2026-njy ýyllarda geçirilen 14 kabul ediş maksatnamasynyň çäklerinde Türkiýäniň dürli sebitlerinde jemi 84 adam myhman boldy.
• Metbugatyň ýurtlaryň arasyndaky köprüleri berkidýän we dostlugy geljege ugrukdyrýan iň güýçli sütünleriň biridigini nygtan Jebeji «TRT-niň» Aşgabat wekilhanasynyň köp ýyllap alyp barýan işleriniň we «TRT Awaz» kanalynyň bütin türki dünýä ugrukdyrylan ýaýlymlarynyň munuň iň gowy mysallarydygyny aýtdy.
• Türkmenistandaky ähli döwlet we hususy habar beriş serişdeleri bilen ýakyn we netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem giňden dowam etdirilmegini isleýändiklerini belläp, Jebeji ertirlik naharyny jemlemek we bilelikde ädilip bilinjek täze ädimleri maslahatlaşmak üçin gymmatly mümkinçilik hasaplaýandygyny beýan etdi.
• Ol Ilçihananyň metbugat wekillerinden gelip gowuşjak hyzmatdaşlyk teklipleriniň seljermegine açykdygyny we bilelikdäki taslamalar boýunça işlemekden hoşaldygyny nygtady.
• Ilçi, şeýle hem Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarjak möhüm sammitlere we ýubileýlere taýýarlyk görülýändigini belledi.
Ilçi Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň berk erk-islegine laýyklykda, ilçihananyň gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça iki halkyň bähbidine ösdürmek ugrunda netijeli işlerini dowam etdirjekdigine ynandyrdy.
