MMA söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşiniň türkmen ussady Ata Atdaýew nobatdaky tutluşygyna çykýar. Ol «UAE Warriors» ligasynyň 23-nji iýulda Abu-Dabi şäherinde geçiriljek ýaryş agşamynda 57 kilogram agram derejesinde braziliýaly Paulo Wiktor bilen oktagona çykar.
Bu türkmen söweşijisiniň 7-nji professional tutluşygydyr. Ildeşimiz ahyrky duşuşygynda täjigistanly Jafaraly Nuraliýewi ýeňlişe sezewar edipdi. Şonda Ata Atdaýew güýçli basyşy, takyk hereketleri we ýokary derejeli göreş usuly bilen tapawutlanypdy we 2-nji raundda «Rear Naked Choke (RNC)» boguş emeli arkaly garşydaşyny boýun egmäge mejbur edipdi. Türkmen türgeni «UFC-niň» ýolbaşçysy Dana Uaýtyň gözegçiligindäki «IMMAF» guramasynda hem dünýäniň we Ýewropanyň çepmiony bolupdy.
Onuň nobatdaky garşydaşy bolan Paulo Wiktoryň hasabynda 10 ýeňiş we 1 ýeňliş bar. Braziliýaly türgeniň bäş duşuşygyny wagtyndan öň tamamlamagy başarandygyny hem bellemek gerek.
Zehinli türkmen türgeni bu duşuşyga paýtagtymyzda ussat tälimçi Soltan Pirgulyýewiň ýolbaşçylygynda ýokary derejede taýýarlyk görýär.
Ildeşimize nobatdaky möhüm synagda hem uly üstünlikler hemra bolsun! Biz onuň ýeňlişsiz ýolunyň has-da uzamagyny arzuw edýäris.
Bu tutluşyga «UFC Fight Pass» platformasyndan göni efirde tomaşa edip bilersiňiz.
