3-nji oktýabrda şekillendiriş sungatynyň muşdaklaryna ajaýyp sowgat garaşýar. Zehinli suratkeş Çarymyrat Ýazmyradowyň 50 ýaşynyň dolmagy mynasybetli ýaýbaňlandyryljak sergide onuň ajaýyp surat eserleri görkeziler.
Ajaýyp sergini Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi, Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi bilelikde guraýar.
Serginiň sizi sungatyň serhetsiz dünýäsine alyp gitjekdigi şübhesiz. Bu hakykat suratkeşiň şahsy sergisine beren adynda — «Reňklerdäki poeziýam» diýen şygarynda hem aýdyň şöhlelenýär.
Sergide Çarymyrat Ýazmyradowyň 200-den gowrak nakgaşlyk eserleri görkeziler. Şolaryň hatarynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şygryýetini şöhlelendirýän «Aýa döndi», «Aýa sataşdym», «Bakylyga», «Mätäç eýleme», «Dananyň ruhy», «Bu derdi», medeni mirasymyza we taryhy gymmatlyklarymyza bagyşlanan «Nusaý mirasy», «Marguş», «Gala», «Marguş möhri», şeýle-de «Soraglar adasy», «Çynarlar», «Päklik», «Öwüşginler», «Ylham perişdesi», «Leýlisaç», «Mejnun», «Sazlaşyk», «Gündogar hüwdüsi» ýaly eserler bilen birlikde, rowaýatlary, halk döredijiligini wasp edýän ajaýyp işler bolar.
Ýeri gelende bellesek, simwolizm, romantizm akymlarynda işleýän suratkeşiň döredijiliginde onuň tebigata, ynsan durmuşyna, älem-jahana bolan özboluşly dünýägaraýşy ýüze çykýar. Bu bolsa serginiň myhmanlarynda, nakgaşçylyk sungatynyň muşdaklarynda ýatdan çykmajak täsirleri döreder.
Sergi 16:00-da başlanýar. Ol Aşgabat şäheriniň Asudalyk köçesiniň 33-nji jaýynda — Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň sergi zalynda geçirilýär.