Zenanlaryň Awaza forumynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi

MilliInfo

11 Dekabr, 2025

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat Watanymyzyň dialogyň merkezi hökmünde uly abraýdan peýdalanýandygyny ýene bir ýola tassyklady.

Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine, şol sanda: Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna; Türkmenistanyň Mejlisi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Gender deňligini kanunçylykda ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmek» atly 2026-2027-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyna; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna; Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Türkmenistanda 2026 — 2030-njy ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem ýaşlaryň bedenterbiýäni we sporty, parahatçylygy, gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak» atly 2026-2027-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyna; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna; Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Kazyýet işinde gender deňligini ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmek» atly 2026-2027-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyna»; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-2027-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyna; Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Demografik üýtgeşmeleri hasaba almak bilen maglumat ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi» atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna»; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-2027-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyna; Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Gender deňligini ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmek» atly 2026-2027-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyna; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Şeýlelikde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara maslahat gender deňligini üpjün etmek we Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin halkara hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berip, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy ynsanperwer ýörelgelerine berk ygrarlydygyny ýene bir ýola dünýä ýaýdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo