Awazada zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy geçirildi

MilliInfo
turkmenmetbugat.gov.tm

7-nji awgustda Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde zenan ýolbaşçylaryň «Ygrarlylykdan özgertmelere: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerledýän zenanlar» atly duşuşygy geçirildi. Oňa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Häzirki zaman jemgyýetinde zenan ýolbaşçylar dürli ulgamlarda, şol sanda syýasatda, işewürlikde, jemgyýetçilik hereketinde möhüm orny eýeleýärler. Olar gender deňligini ilerletmäge ýardam bermek bilen, jemgyýetiň öňünde durýan möhüm meseleleri çözmäge hem işjeň gatnaşýarlar.

Ýurdumyzyň gender deňligi babatynda gazanan üstünlikleri barada aýdylanda, Türkmenistanyň erkekleriň we zenanlaryň döwleti dolandyrmak işlerine deňhukukly gatnaşmagy, olaryň iş şertlerini gowulandyrmak üçin hukuk gurallaryny hem-de kepillikleri berýändigini bellemek gerek.

Çykyş edenler zenanlaryň ykdysady mümkinçiliklerini we hukuklaryny giňeltmegiň durnukly ykdysady ösüş üçin zerur şert bolup durýandygyny, şoňa görä-de, her bir zenanyň öz döredijilik kuwwatyny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýän gurşawy döretmek üçin döwlet düzümlerinden başlap, hususy ulgama, raýat jemgyýetine çenli ähli derejelerde tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny tassykladylar. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda zenanlaryň syýasy çözgütleri kabul etmäge gatnaşmagynyň has inklýuziw netijeleri gazanmaga ýardam berýändigi bellenildi. Çykyş edenler öz ýurtlarynda bu ugurda durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdyrdylar.

Forumyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi. Bu resminamada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşýan zenan ýolbaşçylar gender deňliginiň, zenanlaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň we durnukly ösüşiň aýrylmaz arabaglanyşygyny, şeýle hem inklýuziw ösüşe ýardam bermek üçin DÇBÖBD-de zenanlaryň hukuklaryny, mümkinçiliklerini üpjün etmegiň zerurdygyny ykrar etmek bilen, ähli ýolbaşçylary hem-de gyzyklanma bildirýän taraplary durmuşyň ähli ulgamlarynda gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge deňhukukly gatnaşmagy üçin şertleri döretmek ugrunda zerur çäreleri görmäge çagyrýarlar.

Şeýlelikde, şu gezekki forum zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän möhüm ornuna ünsi çekip, olaryň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň, milli we halkara derejede syýasy çözgütleri kabul etmek işine işjeň gatnaşmaklarynyň durnukly ösýän jemgyýeti kemala getirmek üçin esasy şertleriň biridigini görkezdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo