Gandbol boýunça zenanlar ýygyndymyz Kenarýaka Aziýa oýunlarynyň ýarym finalynda

MilliInfo

28 Aprel, 2026

Türkmenistanyň gandbolçy gyzlary Hytaýyň Sanýa şäherinde geçirilýän VI Kenarýaka Aziýa oýunlarynyň toparçadaky tapgyryndan üstünlikli geçdiler. «B» toparçada iki ýeňiş gazanan Gülendam Narbaýewanyň we Marina Diwanowanyň şägirtleri yklymyň iň güýçli dört toparynyň hataryna girmegi başardylar.

Ýarym finala barýan ýol Şri-Lankanyň ynamly ýeňmrk (2:0) bilen başlandy. Ýaryşyň eýeleri bolan Hytaýyň ýygyndy toparyndan asgyn gelendiklerine garamazdan, biziň türgenlerimiz aýgytlaýjy duşuşykda uly tutanýerlilik görkezip, Mongoliýanyň ýygyndy toparyny (2:1) ýeňmegi başardylar.

Indi finala çykmak ugrundaky bäsleşikde Türkmenistanyň ýygyndy topary «A» toparçasynyň esasy dalaşgäri bolan Wýetnamyň ýygyndy topary bilen duşuşar. Finalyň ikinji ýollanmasy ugrunda bolsa Hytaýyň we Tailandyň ýygyndy toparlary bäsleşer.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info