Tennis boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Wýetnamyň Fanthet şäherinde geçirilýän Billi Jin King Kubogynyň sebit ýaryşyna üstünlikli başlady. Ýurdumyzyň türgenleri ilkinji duşuşygynda Täjigistanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňdiler.
Ýaryş Aziýa we Okeaniýa zolagynyň 3-nji toparynda geçirilip, onda has ýokary diwiziona çykmak ugrundaky ýeke-täk ýollanma üçin iki toparça bölünen sekiz sany milli ýygyndy bäsleşýär. Bije çekişligiň netijelerine görä, ikinji belgi bilen saýlanan Türkmenistanyň ýygyndysy «B» toparçada meýdança eýesi bolan Wýetnamyň, şeýle hem Yragyň we Täjigistanyň toparlary bilen bir toparça düşdi. «A» toparçada bolsa Nepal, Demirgazyk Mariana adalary, Bruneý we Saud Arabystany çykyş edýär. Her toparçadan iň güýçli iki topar pleý-off tapgyryna çykar we olar geljekki möwsümde Aziýa we Okeaniýa zolagynyň 2-nji toparyna çykmak hukugy ugrunda bäsleşerler.
Ikinji tapgyrda ýurdumyzyň tennisçi gyzlary Yragyň ýygyndysy bilen duşuşarlar. Yrakly türgenler birinji duşuşygynda toparçanyň esasy dalaşgäri bolan Wýetnamyň ýygyndysyndan 0:3 hasabynda asgyn geldiler.
Billi Jin King kubogy zenanlar tennisinde «World Tennis» guramasynyň howandarlygynda geçirilýän iň iri halkara toparlaýyn birinjilikdir. Ozal Federasiýanyň Kubogy («Fed Cup») ady bilen belli bolan bu ýaryşA 2020-nji ýylyň sentýabrynda rowaýaty amerikan tennisçisi Billi Jin Kingiň hormatyna häzirki ady berildi. Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy bu abraýly birinjilige 2004-nji ýyldan bäri yzygiderli gatnaşyp gelýär. Bu ýaryşyň erkekler toparlarynyň arasyndaky görnüşi bolsa Dewis Kubogydyr («Davis Cup»).
