Türkmenistanyň küşt boýunça zenanlar ýygyndysy taryhda ilkinji gezek dünýä reýtinginiň öňdäki 50-ligine girdi. Türkmen topary öňdebaryjy küştçi gyzlaryň 10-synyň netijeleri esasynda Halkara Küşt federasiýasynyň her aý täzeleýän reýtinginde 2025-nji ýylyň iýulynyň jemleri boýunça öňdäki 50-likde ornaşdy.
2022-nji ýylyň dekabrynda täze dolandyryjylaryň we tälimçiler toparynyň gelmegi bilen federasiýa uly ösüşlere eýe boldy, oýunçylaryň ortaça reýtingi 1528-e ýetip, Türkmenistan dünýäde 105-nji orunda ýerleşdi. Bu toparyň uzak arakesmeden soňky ilkinji reýting netijesidir.
Häzirki wagtda — 2025-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň zenanlar topary ýurdumyzyň iň gowy küştçi gyzlarynyň 10-synyň — 2038-e barabar bolan ortaça reýtingini görkezýär. Munuň özi üç ýyldan hem az wagtyň dowamynda 500 balldan ýokary böküşiň bellige alnandygyna şaýatlyk edýär. Şu günki üstünlik — 50-nji orun bolup, ol küşt boýunça milli zenanlar mekdebimiziň taryhyna täze rekord hökmünde girer.
Bu reýtinge 201 ýurt girýär. Türkmen küştçüleri Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Portugaliýadan, Awstraliýadan, Belarusdan, Tailanddan we beýleki güýçli ýygyndylaryň ençemesinden bolan garşydaşlaryndan öňde barýarlar.
Zenanlar toparymyzyň baş tälimçisi Şahruh Turaýewiň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler düzümi FIDE-niň ussady bolan Jahan Rejepowa (15 ýaş, şahsy reýtingi — 2152) we Lala Şohradowa (19 ýaş, şahsy reýtingi — 2151) ýaly halkara arenasynda özüni tanadýan ýaş ussatlaryň mümkinçiliklerini açmagy başardy. Olar iň oňat türkmen küştçüleriniň milli reýtinginde öňdäki iki orny eýeleýärler.
Gyzlar toparymyzyň 2024-nji ýylyň sentýabrynda Budapeştde (Wengriýa) geçen 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda «kiçi» altyn medal gazanandygyny, bu ýerde küştçülerimiziň «C» derejesinde 1-nji we 32-nji orny eýeländigini hem bellemelidiris.
Indi bolsa biziň ussatlarymyza Samarkantda (Özbegistan) geçiriljek halkara ýaryş garaşýar. Bu bäsleşige ýokary derejede taýýarlanýan toparymyz dünýäniň iň gowy ýygyndylarynyň öňdäki 40-lygyna girmek ugrunda göreşer.