Basketbol boýunça zenаnlaryň arasyndaky Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi belli boldy

MilliInfo

24 Dekabr, 2025

23-nji dekabrda paýtagtymyzda basketbol boýunça zenanlar toparlarynyň arasynda geçirilen Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş jemlendi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda guralan ýaryş janköýerlere dartgynly we ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berdi.

Bäsleşigiň final oýnunda ýurdumyzyň iki güýçli topary — «Aşgabat» we «Talyp sport» duşuşdy.

Netijede, tejribeli tälimçi Maksim Otboziniň ýolbaşçylygyndaky «Aşgabat» topary garşydaşyndan 65:61 hasabynda üstün çykyp, 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi boldy.

Şunlukda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp türgenlerinden ybarat bolan «Talyp sport» topary kümüş medala mynasyp bolan bolsa, bürünç medaly Mary welaýatyna wekilçilik edýän «Baýramaly» klubunyň basketbolçy gyzlary gazandylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info