Paýtagtyň ýaşaýjylary rowaýaty aktrisa Faina Ranewskaýanyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan sahna oýnuna çagyrylýar

MilliInfo

1 sagat öň

Paýtagtyň ýaşaýjylary rowaýaty aktrisa Faina Ranewskaýanyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan sahna oýnuna çagyrylýar

Aşgabatdaky Rus öýi paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny rowaýaty aktrisa Faina Ranewskaýanyň ömrüne hem-de döredijilik ýoluna bagyşlanan sahna oýnuna (spektakla) çagyrýar.

Sahna eseri öz durmuşyny teatr bilen baglamaga ýüregi bilen ýapyşan, çetki sebit teatrlaryny, uruş kynçylyklaryny, ýalňyzlygy we bütin halk söýgüsini öz içine alýan uzak hem çarkandakly ýoly geçen Fanni atly gyzjagazyň ykbaly barada gürrüň berýär. Spektakl ähli kynçylyklara garamazdan, hemişe öz bolşuna we aslyna wepaly galan ajaýyp zenanyň keşbini açyp görkezýär.

Sazyň, yşygyň, teatr maskalarynyň we janly sözüň sazlaşykly utgaşmasy tomaşaçylaryň baş gahryman bilen bilelikde onuň çagalyk döwründen başlap, ömrüniň soňky ýyllaryna çenli geçen çylşyrymly durmuş ýoluny göz öňüne getirmegine mümkinçilik döredýär. Bu sahna eseri beýik aktrisanyň içki dünýäsiniň perdelerini açmaga hem-de onuň hakyky tebigatyny: güýçli, ýiti degişgen (ýomakçyl), näzik göwünli we akýürekli keşbini görkezmäge gönükdirilendir.

Çäre 23-nji sentýabrda sagat 17:00-da şu salgyda geçiriler: Türkmenbaşy şaýoly, 11-nji jaý.

Tomaşa gatnaşmak üçin öňünden ýazylmak hökmanydyr. Ýazylmak üçin şu elektron poçta boýunça ýüz tutup bilersiňiz: otdel_tm@mail.ru.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info