Wideo oýunlaryň meşhur sazlary janly ýaňlanar: Aşgabatda Tahyr Ataýewiň konserti geçiriler

MilliInfo

2 sagat öň

30-njy aprelde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda wideo oýunlar dünýäsi bilen nusgawy sungaty birleşdirýän aýdym-saz çäresi geçiriler.

Tahyr Ataýewyň ýolbaşçylygyndaky orkestr bu konsertde dünýä belli wideo oýunlaryň sazlaryny janly ýerine ýetirer. Tomaşaçylar «The Witcher 3: Wild Hunt», «Harry Potter», «Warcraft» hem-de «Mortal Kombat» ýaly meşhur taslamalaryň sazlaryny diňläp bilerler.

Guramaçylar konsertiň diňe bir tanymal saundtrekleriň ýerine ýetirilmegi bilen çäklenmän, eýsem, wideo oýun sazlarynyň XXI asyryň häzirki zaman nusgawy sungaty hökmünde açylyp görkeziljek doly simfoniki şowhuny boljakdygyny belleýärler.

Bu çäre wideo oýun söýüjiler bilen birlikde, janly orkestr sazyna ýokary baha berýän tomaşaçylarda hem uly gyzyklanma döreder. Konsertiň bahar möwsüminiň iň täsirli medeni wakalarynyň birine öwrülmegine garaşylýar.

Başlanýan wagty — 19:00-da. Petekleri almaga howlugyň.

Goşmaça maglumatlar üçin:

55-90-15

862-53-28-71

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info