Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň redaksiýasy 2026-njy ýylyň 14-nji sentýabryndan başlap, isleg bildirýänleriň ählisi üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna üç we bäş günlük syýahatlary guraýar.
Bu maksatnamanyň çäklerinde syýahatçylar Hazar deňziniň kenaryna otly bilen oňaýly şertlerde baryp bilerler. Ýaşamak we dynç almak üçin gönüden-göni «Awazanyň» çäginde ýerleşýän meşhur «Şowhun» kottejler toplumynda otaglar taýýarlanyldy. Bu toplum deňiz kenarynda maşgala bolup hem-de şahsy tertipde dynç almak üçin ajaýyp şertleri hödürleýär.
Guramaçylar ýurdumyzyň ýaşaýjylaryny Hazar deňziniň kenarynda dynç almaga çagyrýarlar we ýerleri öňünden bellemek (bron etmek), ýollanmalaryň bahasy hem-de syýahatlaryň tertibi boýunça giňişleýin maglumatlary almak üçin aşakda görkezilen telefon belgileri arkaly habarlaşyp boljakdygyny mälim edýärler:
44-01-40
+993 65 56-16-37
+993 63 27-66-74
+993 65 83-92-49
