Zidan 2030-njy ýyla çenli Fransiýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi bolar

MilliInfo

18 Iyul, 2026

Zidan 2030-njy ýyla çenli Fransiýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi bolar

Fransiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň öňki kapitany we «Realyň» öňki baş tälimçisi Zinedin Zidan şu aýda milli ýygyndynyň baş tälimçisi diýlip yglan ediler. Bu barada meşhur žurnalist Fabrisio Romano habar berýär.

54 ýaşly Zidan Fransiýanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinde özüniň milli ýygyndydaky döwürdeşi Didýe Deşamy çalşar. Dünýä çempionaty — 2026-dan öň, Deşamyň ýaryşyň netijesine garamazdan, wezipesinden gitjekdigi mälim bolupdy. Zidan mundan ozal ýygyndyny kabul etmäge razylyk beripdi we öz işleşjek düzümini eýýäm kesgitläpdi. Resminamalara iýul aýynda gol çekiler. Hünärmen milli ýygyndy bilen 2030-njy ýyla çenli işleşer.

Zidan «Realyň» başynda üç gezek Çempionlar ligasynyň (2016, 2017, 2018) ýeňijisi boldy, iki gezek Ispaniýanyň çempiony diýen ady aldy we beýleki halkara kuboklaryny gazandy.

Fransiýanyň ýygyndysy bolsa Deşamyň ýolbaşçylygynda 2018-nji ýylda dünýä çempiony, 2021-nji ýylda bolsa UEFA-nyň Milletler ligasynyň ýeňijisi boldy. Şeýle-de fransuzlar 2022-nji ýylda dünýä çempionatynyň, 2016-njy ýylda bolsa Ýewropa çempionatynyň finalynda oýnadylar.

19-njy iýula geçilýän gije Fransiýanyň ýygyndysy Dünýä çempionaty — 2026-nyň üçünji orny ugrundaky duşuşykda Angliýa bilen bäsleşer. Bu oýun fransuzlar üçin Didýe Deşamyň ýolbaşçylygyndaky iň soňky duşuşyk bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info